Makgregor UFC-niň umumy reýtinginde iki setir ýokary galdy

  • 29.01.2020 23:11
  • 6.1k+

Irland göreşijisi Konor Makgregor UFC-niň täzelenen umumy reýtinginde (P4P) iki setir ýokary galdy. Indi guramanyň eks-çempiony 11-nji orunda ýerleşýär.
Ýeňil agramdakylaryň diwizionynda hem 31 ýaşly göreşiji bir setir ýokary galmak bilen Jastin Getjiden öňe geçdi we üçünji boldy.
Mundan başga-da, irlandiýaly ýarym orta diwiziona hem aralaşyp, 14-nji orunda ýerleşdi.
Ýatladyp geçsek, 19-njy ýanwarda geçen UFC 246 turnirinde Makgregor 40 sekundyň içinde amerikaly Donald Serronäni tehniki nokauta gidirdi.
Şu ýeňişden soň ýeňil agram boýunça UFC-niň ozalky wagtlaýyn çempiony Dastin Porýe hem özüniň Konor Makgregor bilen rewanş geçirmek isleýändigini mälim edendigini belläp geçmek gerek. Porýe özüniň Twitterinde şeýle posty getirýär:
«Ikinji belgili üçünji belgilä garşy? Geliň, gaýtalalyň» – Dastin ýazýar.
Şeýle-de, ol Makgregor bilen islendik ýerde, islendik wagt duşuşmaga taýýardygyny hem sözüniň üstüne goşýar.
Makgregor bilen Porýe 2014-nji ýylda duşuşypdy we şonda Konor üstün çykdy.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......