Nurmagomedowyň tälimçisi onuň Fergýusondan ýeňiljekdigini öňünden aýtdy we sebäbini beýan etdi

  • 28.01.2020 21:32
  • 13k+

UFC-niň ýeňil agram boýunça çempiony Habib Nurmagomedowyň tälimçisi Hawýer Mendes öz göreşijisiniň Toni Fergýusona ýeterlik derejede hormat bilen garamasa, ondan ýeňiljekdigini öňünden aýtdy. Bu barada «Championat» saýtyna salgylanmak bilen «Sports.kz» portaly habar berýär.
«Ýatdan çykarmaň, Habib — bu kardiomaşyn. Fergýuson bäş raundlap göreşjek bolýar, Nurmagomedow muňa garşy däl. Men göreşde togtama bolar öýdemok, men bäş raundly göreşe garaşýaryn. Eminleriň çözgüdine we «derbi-dagyn edilmä» garaşýaryn.
Bu meniň öňünden çaklaýan we meniň pikirimçe, biziň etmäge taýýar bolan zadymyz. Munuň üçin biz göreşmeli bolan iň güýçli garşydaşymyza taýýarlyk görmeli. Bu garşydaş – Toni.
Fergýusony ýeňmek üçin ony hormatlamak gerek. Eger biz şeýle etmesek, onda ol bizi ýeňer. Onuň kardiosy bäş raunda çydamaga mümkinçilik berýär. Ýogsa-da, kimdir biri Habibi göreş wagtynda ýadaýan göreşiji diýip hasaplaýarmy?» – portal Mendesiň sözüni getirýär.
Ýatladyp geçsek, göreşijiler Bruklindäki UFC 249 turnirinde 18-nji aprelde duşuşarlar.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......