Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

  • 28.01.2020 14:11
  • 3.3k+

27-nji ýanwarda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.
Iş maslahatynyň barşynda welaýatlaryň häkimleri ýerlerde işleriň ýagdaýy, şol sanda ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işler barada hasabat berdiler.
Şonuň bilen birlikde, howanyň häzirki sowuk günlerinde durmuş maksatly desgalary ýylylyk, gaz, suw we elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün edilýändigi, sebitiň gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň barşy barada habar berildi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ekerançylyk meýdanlarynyň, tohum serişdeleriniň we oba hojalyk tehnikasynyň nobatdaky ekiş möwsümine göwnejaý derejede taýýarlanylmagyna ünsi çekdi, şunda degişli agrotehniki çäreleriň, şol sanda ýerleri sürmek we tekizlemek işleriniň öz wagtynda geçirilmegi uly ähmiýete eýedir.
Döwlet Baştutany ýaz paslynda, asylly däbe görä, eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde täze bag nahallaryny ekmek çäresine badalga beriljekdigini belläp, sebitde Berkarar Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmäge gönükdirilen bu parz çärä sebitde göwnejaý derejede taýýarlyk görmek barada anyk görkezmeleri berdi.
Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynyň dowamynda wise-premýer E.Orazgeldiýew alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýagdaýy we depgini barada aýdyp, ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin agrotehniki çäreleriň ýerine ýetirilişine, ak ekinleriň ideg işlerine, ýazky ekiş möwsümine ýerleri, tehnikalary, tohumlyk we beýleki serişdeleri taýýarlamak meselelerine möhüm üns berilýändigini nygtady.
Şeýle hem ýazky köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek möwsümini guramak boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada habar berildi. Şeýle hem Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, eziz Diýarymyzyň baş şäheriniň düzümlerini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

düýn 18:54
3.1k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 18:11
4.3k+

The Telegraph: Angliýanyň banky banknotlardan Çerçilliň we Jeýn Ostiniň portretlerini aýrar

Angliýanyň banky 50 ýyldan gowrak wagtdan bäri ilkinji gezek banknotlaryň dizaýn konsepsiýasyny üýtgetmegi meýilleşdirýär. The Telegraph gazetiniň habar bermegine görä, Beýik Britaniýanyň ozalky......

düýn 17:39
1.5k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

düýn 15:17
3k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......