Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 71-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Şweýsariýa Konfederasiýasyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Beýik Britaaniýadan, Owganystan Yslam Respublikasyndan, Russiýa Federasiýasyndan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny, uçar kerosinini, polipropilen, prýamogon benzinini, suwuklandyrylan gaz satyn aldylar.
Bulardan başga-da, Russiýa Federasiýasyndan, Türkiýe Respublikasyndan, Gyrgyzystandan, Irlandiýadan, BAE-den, Pakistandan, Gazagystandan we Hytaýdan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna nah ýüplügini we reňksiz list aýnalaryny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 37 million 123 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat serişdelerine Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýe Respublikasynyň, Pakistanyň, Gazagystanyň we Hytaýyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 12 million 110 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 45 million 793 müň manatlyk dokma enjamlaryny, pagta süýümini, şeýle hem Gyýanlynyň polimer zawodynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietilen satyn aldylar.
Geçen hepde boýunça Türkmenistanyň birža täzelikleri
- 26.01.2020 13:12
- 3k+