TOP taslamasyny amala aşyrmakda hyzmatdaşlyk etmek boýunça ylalaşyga gol çekildi

  • 26.01.2020 12:48
  • 2.8k+

Aşgabatda Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Türkiýe Respublikasynyň «Çalyk Holding A.Ş.» kompaniýasynyň golçur kärhanasy bolan «TAPP-500 Power Transmission Line FZE» kompaniýasynyň arasynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmakda hyzmatdaşlyk etmek boýunça ylalaşyga gol çekildi.
Duşuşyk Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça güýjenmesi 220 kW bolan elektrik geçirijisiniň ähmiýetli bölegini gurmak boýunça özara hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny işläp taýýarlamak maksady bilen guraldy. Transmilli energetika ulgamyny Mary döwlet elektrik stansiýasyndan Owganystan Yslam Respublikasynyň Hyrat şäheri ugry boýunça türkmen-owgan serhedine çenli ýurdumyzyň çäginde gurmak bilen bagly meseleler ylalaşyldy.
TOP-nyň gurulmagy sebitiň ykdysady taýdan ösmegine kuwwatly itergi berip, durmuş we ynsanperwer häsiýetli meseleleri çözmäge, parahatçylygy we durnuklylygy berkitmäge ýardam eder. Hususan-da, täze iş orunlarynyň ýüze çykmagy bilen baglylykda, ilatyň iş bilen üpjünçilik derejesini ýokarlandyrmaga, degişli elektroenergetika, ulag-kommunikasiýa we durmuş düzümini döretmäge mümkinçilik peýda bolar.
Belläp geçsek, ýakynda Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen Energetika ministrliginiň düzüminde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça Halkara elektroenergetika taslamalary müdirligi döredildi. Bu müdirlik TOP taslamasynyň amala aşyrylmagy we onuň ulanmaga berilmegi bilen baglanyşykly meseleler bilen meşgullanar.

düýn 18:54
3.1k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 18:11
4.3k+

The Telegraph: Angliýanyň banky banknotlardan Çerçilliň we Jeýn Ostiniň portretlerini aýrar

Angliýanyň banky 50 ýyldan gowrak wagtdan bäri ilkinji gezek banknotlaryň dizaýn konsepsiýasyny üýtgetmegi meýilleşdirýär. The Telegraph gazetiniň habar bermegine görä, Beýik Britaniýanyň ozalky......

düýn 17:39
1.5k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

düýn 15:17
3k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......