UFC-niň «Iň rehimsiz göreşijisi» Makgregora çagyryş edýär

  • 25.01.2020 23:05
  • 9.3k+

UFC-niň BMF guşagynynyň eýesi Horhe Maswidal Konor Makgregor bilen potensial göreş baradaky pikirleri bilen paýlaşdy.
«Men howlugamok. Men öz titulymy alaryn, ilki Usmany ýeňerin, ondan soň biz Konor bilen onuň göreşi isleýändigi ýa-da islemeýändigi barada maslahatlaşarys. Men bu ýerde adamlary gorkuzmak üçin. Konor bolsa eýýäm bir wagt sanawdan daşarda. Goý, ol öz agram kategoriýasyna dolansyn we diwiziondaky iň rehimsiz göreşiji bilen duşuşsyn. Haçan-da ol özüni tapan wagtynda, goý, meniň gapymy kaksyn, men çür depede bolaryn.
Men ony agyrtmak isleýärin. Bu bolsa olaryň maňa bu göreşi bermeýändiginiň esasy sebäbi. Meniň bilen göreşmek Konoryň abraýyna zyýan ýetirip biler. Olar oňa ol ýeňilmezligi we pul getirmegini dowam etdirmegi üçin diňe birnäçe ownuk göreşleri bererler. Biziň göreşimizde Makgregora ýeňilmek garaşýar. Iň gowusy olara bu ýigidi maňa garşy goýmazlyk» – MMAFighting saýty Horhe Maswidalyň sözlerini getirýär.

düýn 23:07
1.7k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.3k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.1k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......