«Ýuwentus» bilen «PSŽ» oýunçylaryny alyş-çalyş etmek barada gepleşik geçirýär

  • 25.01.2020 22:56
  • 2.9k+

«Ýuwentus» bilen «Pari Sen-Žermeniň» oýunçylaryny alyş-çalyş etmekleri mümkin. Bu barada «L’Equipe» gazeti habar berýär.
Çeşmäniň maglumatlaryna laýyklykda, «Ýuwentusa» «PSŽ-niň» goragçysy Leýwin Kurzawanyň geçmegi ahmal. Oňa derek bolsa, «PSŽ» turin toparynyň goragçysy Mattia de Şilýo geçer. Klublar eýýäm alyş-çalyş etmek barada degişli gepleşikleri geçirýärler. Geljek birnäçe günüň içinde Kurzawanyň Italiýa ugramagyna garaşylýar.
Şu möwsümde 27 ýaşly De Şilýo «Ýuwentusyň» düzüminde 9 oýna gatnaşdy. Goragçynyň «Ýuwentus» bilen şertnamasy 2022-nji ýylyň tomsuna çenli niýetlenilen. Oýunçynyň bazar transfer gymmaty – € 12 mln.
27 ýaşly Kurzawa «PSŽ-niň» düzüminde 14 duşuşykda 1 gezek pökgini netijeli geçirdi. Goragçynyň parižliler bilen şertnamasy geljek tomusa çenli niýetlenilen. Oýunçynyň bazar transfer gymmaty – € 15 mln.

düýn 23:07
1.7k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.3k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.1k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......