Dastin Porýe: «Ahyrky maksat — dünýäniň ýeke-täk çempiony bolmak»

  • 24.01.2020 22:30
  • 5.7k+

UFC-niň ýeňil agram boýunça ozalky wagtlaýyn çempiony, geçen sentýabrda Habib Nurmagomedow bilen göreşde ýeňlişe sezewar bolan Dastin Porýe özüniň şu ýyldaky meýilnamalary barada gürrüň berdi.
«Meniň ahyrky maksadym — dünýäniň jedelsiz çempiony bolmak. Men diňe uly göreşlere pul goýmak bilen karýeramy dowam etdirip bilemok. Hawa, men olaryň bir bölegi bolmak isleýärin, muşdaklarymyň göwnünden turasym, «Agşamyň göreşlerini» gurnasym we tomaşa çykyşlaryny görkezesim gelýär, ýöne şol bir wagtda men jedelsiz çempion hem bolmak isleýärin. Men ömrümiň ahyryna çenli üstünliklerimiň ýanynda «ozalky wagtlaýyn çempion» diýen jümläniň bolmagyny islämok» diýip, «BloodyElbow» portaly amerikaly göreşijiniň sözüni getirýär.
Häzirki wagtda Porýe uýlugyndaky operasiýadan soň bejergi alýar, ýöne tiz wagtda oktagona dolanmagy we amatly mümkinçilik ýüze çykdygyndan ýylyň ahyryna çenli titul üçin göreşmegi niýet edinýär.
«Ýyly titul göreşi bilen ýa-da titul mümkinçiligi bilen jemlemek isleýärin — bu hakykat. Men UFC-niň reýtinginde ikinji belgide durýan. Titul üçin göreşden meni bir, belki-de iki sany uly ýeňiş daşlaşdyrýar. Elbetde, men hem islendik beýleki göreşijiler ýaly özümiň ähli ýeňlişlerim üçin öç almak isleýärin, ýöne häzir gürrüň ar almak barada däl. Gürrüň çempionlyk altyny barada gidýär, men şu wagta çenli oňa kim eýeçilik etse, şonuň bilen göreşmek isleýärin».
Öň, Porýe 18-nji aprelde Bruklinde geçiriljek UFC 249 turnirine oktagona dolanmak isleýändigini habar berdi.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......