«Barselona» oýunçylaryna Messi bilen türgenleşik wagtynda aşa işjeňligi gadagan edýär

  • 24.01.2020 20:59
  • 4.2k+

«Barselonanyň» goragçysy Žan-Kler Todibo türgenleşik wagtynda katalonlaryň kapitany Lionel Messiniň aýratyn şertlerden peýdalanýandygyny gürrüň berdi. Todibonyň belleýşi ýaly, toparda argentinaly oýunça garşy aýgytly hereket etmek gadagan edilendir.
— Onuň hiç hili şikes almaly däldigi biziň hemmämize mälimdi. Türgenleşik wagtynda Messi ählitaraplaýyn gorag astynda.
Men ondan köp zatlary öwrendim, hatda birnäçe gezek oňa eýgermek hem başartdy. Ýöne men oňa zyýan ýetirmejek bolup seresaply hereket etdim – Todibo gürrüň berýär.
Messi häzirki möwsümde Ispaniýanyň çempionatynda 15 oýna gatnaşdy, olarda 14 gezek gol saldy we 6 gezek pökgini netijeli geçirdi.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......