TOP ugry boýunça halkara elektroenergetika taslamalary müdirligi döredildi

  • 23.01.2020 23:52
  • 1.9k+

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamyň gurluşygynyň öz wagtynda we üstünlikli gurulmagy, şeýle hem bu ulgamda beýleki halkara taslamalaryň mundan beýläk-de amala aşyrylmagy üçin Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça halkara elektroenergetika taslamalary müdirligi döredildi. Onuň başlygy wezipesine Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Myrat Rejepowiç Artykow bellenildi. Degişli resminama Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer Ç.Purçekowyň hem-de energetika ministri M.Artykowyň gatnaşmagynda geçiren iş maslahatynda gol çekdi.
Döwlet Baştutany TOP taslamasynyň diňe sebit üçin däl, eýsem, tutuş dünýä üçin hem möhüm ähmiýetlidigini belledi.
Belläp geçsek, 2018-nji ýylyň ýanwarynda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň we «Çalyk Holding A.Ş». kompaniýasynyň arasynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň taslamasyny durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.
Täze energiýa köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasy Türkmenistanyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň we Hindistan Respublikasynyň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda 2018-nji ýylyň fewral aýynda geçirildi. Şonda taslama gatnaşyjy ýurtlaryň hökümetleriniň arasynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgam hakyndaky ylalaşyga gol çekildi.
2018-nji ýylyň oktýabrynda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Energetika we suw serişdeleri ministrliginiň arasynda Ylalaşyga gol çekildi.
Resminamada goňşy döwletleriň çägi boýunça transmilli energetika geçirijisini çekmek bilen baglanyşykly meseleler ylalaşyldy. Hususan-da, ylalaşykda Owganystana täze elektrik geçirijisi arkaly iberiljek elektrik energiýasynyň möçberi kesgitlenildi.

düýn 21:42
5.3k+

«Oňa çenli hem meşgullanmadym, mundan soň hem meşgullanmaryn»: Makron syýasatdan gidýändigi barada habar berdi

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron 2027-nji ýylda özüniň ikinji prezidentlik möhleti tamamlanandan soň, syýasaty dowam etdirmegi meýilleşdirmeýändigini mälim etdi. Bu barada ol Nikosiýadaky fransuz-kipr......

düýn 16:06
1k+

Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen geljekki hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

23-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşdy. Bu barada daşary syýasat......

23.04.2026 15:50
13k+

Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýoluny döwrebaplaşdyrmak boýunça açyk bäsleşik yglan edildi

Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek we täzesini gurmak boýunça halkara açyk bäsleşik yglan etdi. Bu awtomobil ýolunyň döwrebaplaşdyrylmagy ýurduň......

23.04.2026 10:49
3.8k+

AHHG-niň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde möhüm resminamalara gol çekildi

Astanada geçirilen Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde sebit we ekologiýa howpsuzlygy, Aral deňzini halas etmek we bu ugurda netijeli......