Türkmenistanyň Prezidenti elektroenergetika pudagyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi

  • 23.01.2020 23:51
  • 2.4k+

23-nji ýanwarda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekowyň hem-de energetika ministri M.Artykowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Iş maslahatynda wise-premýer Ç.Purçekow pudakda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy hem-de elektroenergetika pudagyny ösdürmek boýunça ýakyn geljek üçin kesgitlenen meýilnamalar barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzyň energetikasynyň kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça pudagyň düzüminiň üsti Aşgabatda hem-de welaýatlarda gurlan gazturbinaly elektrik beketleriniň birnäçesi bilen ýetirildi. Şeýle hem Daşoguz — Balkan we Balkan — Ahal welaýatlarynyň arasynda halkalaýyn energoblogyň döredilmegi içerki sarp edijileriň elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrar. Häzirki wagtda paýlaýjy elektrik beketleriniň onlarçasy gurulýar.
Maslahatyň barşynda energetika ministri M.Artykow Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) elektrik geçiriji ulgamy çekmek boýunça taslamanyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.
Iş maslahatynyň dowamynda wise-premýer Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamyň gurluşygynyň öz wagtynda we üstünlikli gurulmagy, şeýle hem bu ulgamda beýleki halkara taslamalaryň mundan beýläk-de amala aşyrylmagy üçin Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça halkara elektroenergetika taslamalary müdirligini döretmek baradaky teklibi döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürledi.
Gurbanguly Berdimuhamedow TOP taslamasynyň diňe sebit üçin däl, eýsem, tutuş dünýä üçin hem möhüm ähmiýetlidigini belläp, hödürlenen teklibi makullady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany M.Artykowy Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça halkara elektroenergetika taslamalary müdirliginiň ýolbaşçysy wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň energetika ministri wezipesinden boşatdy.
Maslahatyň barşynda döwlet Baştutany energetika ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmegi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekowyň üstüne ýükleýändigini aýtdy we degişli resminama gol çekdi.

düýn 18:54
3.1k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 18:11
4.3k+

The Telegraph: Angliýanyň banky banknotlardan Çerçilliň we Jeýn Ostiniň portretlerini aýrar

Angliýanyň banky 50 ýyldan gowrak wagtdan bäri ilkinji gezek banknotlaryň dizaýn konsepsiýasyny üýtgetmegi meýilleşdirýär. The Telegraph gazetiniň habar bermegine görä, Beýik Britaniýanyň ozalky......

düýn 17:39
1.5k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

düýn 15:17
3k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......