Mbappe: «maňa Messiniňki ýaly karýera etmäge eýýäm giç. Indi Ronaldunyň karýerasyndan ruhlanmaly»

  • 23.01.2020 20:51
  • 6.3k+

«Pari Sen-Žermen-iň» we Fransiýanyň ýygyndy toparynyň hüjümçisi Kilian Mbappe öz karýerasynda «Ýuwentusyň» hüjümçisi Kriştianu Ronaldunyň göreldesine eýermek isleýändigi barada aýtdy.
«Meni, esasan, «Barselonada» çykyş etmek bilen ähli zady gazanan Messi ruhlandyrýar. Ýöne maňa Messiniňki ýaly karýera etmek eýýäm giç boldy, bolmasa men «Monakoda» galmaly bolardym. Ýöne, men Messiniň hyzmatlaryny peseltmezden, indi Kriştianu Ronaldunyň karýerasyndan ruhlanmaly» – «La Gazzetta dello Sport» Mbappeniň sözlerini getirýär.
Mbappe ilki «Monakonyň» düzümindedi, 2017-nji ýyldan bäri bolsa ol «Pari Sen-Žermende» çykyş edýär. Fransiýanyň çempionatynyň häzirki möwsüminde Mbappe 14 oýna gatnaşdy, olarda 13 gezek gol salyp, 5 gezek pökgini netijeli geçirmegi başardy. Fransuz hüjümçisiniň «PSŽ» bilen şertnamasy 2022-nji ýyla çenli niýetlenilen.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......