Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi geçirildi

  • 23.01.2020 01:54
  • 6.6k+

22-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda 2019-njy ýylda alnyp barlan işleriň netijelerine, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge hem-de olaryň işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleleriň birnäçesine seredildi. Şeýle hem 2020-nji ýylda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan ýerine ýetirilmeli wezipeler kesgitlenildi.
Mejlisiň barşynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary geçen ýyl amala aşyrylan işler, şol sanda işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş meselelerini çözmek boýunça geçirilen işler barada hasabat berdiler.
Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýewiň general-polkownik harby adyny general-maýor harby adyna çenli peseltmek hakynda, ony Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary wezipesinden boşatmak, şeýle hem oňa berk käýinç yglan etmek hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek we oňa soňky gezek duýdurmak bilen bagly resminamalara gol çekdi.
Şeýle hem döwlet Baştutany wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, goranmak ministri B.Gündogdyýewe berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisine gatnaşyjylara ýüzlenip, 27-nji ýanwarda Watan goragçylarynyň gününiň dabaraly ýagdaýda bellenilýändigini, şu ýylda hem bu baýramçylygyň uly dabaralara beslenjekdigini aýtdy.
Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna hem-de işgärlerine harby we ýörite atlary dakmak hem-de hünär derejelerini bermek, şeýle hem Içeri işler ministrliginiň institutynyň rektory, polisiýanyň general-maýory Ç.Amanowa polisiýanyň general-leýtenanty ýörite adyny dakmak hakynda Permanlara gol çekdi.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisinde şeýle hem birnäçe beýleki meselelere garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

düýn 18:54
3.1k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 18:11
4.3k+

The Telegraph: Angliýanyň banky banknotlardan Çerçilliň we Jeýn Ostiniň portretlerini aýrar

Angliýanyň banky 50 ýyldan gowrak wagtdan bäri ilkinji gezek banknotlaryň dizaýn konsepsiýasyny üýtgetmegi meýilleşdirýär. The Telegraph gazetiniň habar bermegine görä, Beýik Britaniýanyň ozalky......

düýn 17:39
1.5k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

düýn 15:17
3k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......