Makgregor Habib bilen boljak göreşi üçin Fergýusona maslahat berdi

  • 22.01.2020 23:01
  • 8.9k+

UFC-niň iki agram dereje boýunça ozalky çempiony Konor Makgregor Toni Fergýusonyň nämäniň hasabyna Habib Nurmagomedowy ýeňip biljekdigi barada aýtdy.
«Toni güýçli göreşiji, gözenekde göreşi alyp barmagyň ýabany stilini görkezýän hakyky göreşiji. Ýöne ol köp urgyny boş geçirýär. Muňa garamazdan, meniň pikirimçe, ol özüniň garaşylmadyk hereketleri bilen geň galdyrmaga ukyply» – diýip, Makgregor «The Mac Life-a» beren interwýusynda belleýär.
«Men onuň göreşe haýsy meýilnama bilen çykjakdygyn-a bilemok, ýöne men oňa öz bolşy ýaly bolmagyny we Habibiň güýçli taraplaryna görä boljak bolmazlygy maslahat bererdim. Özüniň hemişe edýän hereketlerini etmegi we biziň Entoni Pettis we beýlekiler bilen göreşde gören «däli» Toni bolup galmagyny maslahat bererdim. Eger-de ol Habibiň güýçli taraplaryna görä boljak bolsa, onda diýmek, ol öz kellesinde eýýäm göreşde ýeňildi».
Ýatladyp geçsek, Habib Nurmagomedow bilen Toni Fergýusonyň arasyndaky ýeňil agram boýunça titul göreşi 18-nji aprelde Bruklinde geçjek UFC 249 turniriniň esasy wakasy bolar.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......