Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň täze bellenilen ilçisini kabul etdi

  • 20.01.2020 23:58
  • 4k+

20-nji ýanwarda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oraldan ynanç hatyny kabul etdi.
Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutany hem-de ilçi özara bähbitlilik we uzakmöhletleýinlik ýörelgelerinde ýola goýulýan döwletara hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmegiň esasy ugurlary boýunça pikir alyşdylar.
Munuň şeýledigine bilelikde amala aşyrylan onlarça taslamalar hem-de häzir durmuşa geçirilýän dürli ugurlardaky taslamalar, hususy ulgama degişli ugurlar boýunça işjeň ösdürilýän işewür gatnaşyklar, yzygiderli guralýan sergiler we işewürlik maslahatlary aýdyň şaýatlyk edýär. Söwda-ykdysady ulgam, energetika, gurluşyk toplumy, dokma senagaty, ulag-aragatnaşyk pudagy we beýlekiler özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda agzaldy.
Şunuň bilen baglylykda, netijeli gatnaşyklary giňeltmegiň we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň, häzirki döwrüň ýagdaýlaryny göz öňünde tutup, onuň wajyp ugurlaryny işläp taýýarlamagyň anyk guraly hökmünde Hökümetara türkmen-türk toparynyň hem-de bilelikdäki Işewürler geňeşiniň eýeleýän ähmiýetli orny bellenildi.

düýn 18:54
3.1k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 18:11
4.3k+

The Telegraph: Angliýanyň banky banknotlardan Çerçilliň we Jeýn Ostiniň portretlerini aýrar

Angliýanyň banky 50 ýyldan gowrak wagtdan bäri ilkinji gezek banknotlaryň dizaýn konsepsiýasyny üýtgetmegi meýilleşdirýär. The Telegraph gazetiniň habar bermegine görä, Beýik Britaniýanyň ozalky......

düýn 17:39
1.5k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

düýn 15:17
3k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......