Iň rahat awtomobilleriň reýtingi düzüldi

  • 20.01.2020 23:49
  • 6.4k+

Carbuyer britan neşiri tehniki häsiýetlerini hasaba almazdan, baýrak we köpçülikleýin çykarylýan iň rahat awtomobilleriň reýtingini düzdi. Ekspertler ulagyň rahatlandyryş, ýakymly ýagdaýy döretmek we kiçi çagalary gatnatmakda ýeňillik döretmek ukybyny kesgitlän ýerli awtosöýüjileriň beren bahalaryny göz öňünde tutdular.
«Onluga» Mercedes-Benz E-Class liderlik etdi. Onuň artykmaçlyklarynyň hatarynda derňewi geçirijiler hereket edende birsydyrgynlygyň, şeýle-de islendik gatnawy hakyky lezzete öwürýän stile laýyk, gymmat we ýokary tehnologiýaly interýeriniň bardygyny bellediler.
Ikinji orunda ykjam hetçbek Citroen C3 ýerleşdi. Ekspertler bu «fransuzy» gündelik ulanylyş üçin iň gowy wariant diýip atlandyrdylar, ol bäsdeşlerinden ýumşaklygy, «öwgüli» hereket edijiligi, uly ýük goýulýan ýeri we ýokary netijeli hereketlendirijisi bilen tapawutlandy.
Reýtingiň «bürünji» britan sedany Jaguar XF-e degişli boldy. Awtorlar onuň daşky görnüşi boýunça-da, interýerinde-de bäsdeşlerinden hiç hili pes durmaýandygyny belleýärler.
Dördünji orunda liftbek Skoda Superb ýerleşdi. Skoda flagmanyna salonynyň we ýük goýulýan ýeriniň özboluşly sadalygy, lýuks awtomobiller bilen deňeşdirip boljak ergonomikasy we hereketiniň birsydyrgynlygy üçin ýokary baha berýärler.
Bäşinji orny derňewi geçirijileri özüniň ýagty dizaýny we geçiriji tehnologiýalary bilen haýran galdyran şwed biznes-sedany Volvo S90 eýeledi.
Mundan başga-da, dünýä boýunça rahat awtomobilleriň bu onlugyna Carbuyer-iň wersiýasy boýunça Mercedes-Benz S-Class, BMW 5-Series, Range Rover, Infiniti Q30 we Rolls-Royce Ghost girdi.

düýn 14:38
3.5k+

Sowadyjyly we massaž edýän hytaý miniwenine iki günde 8 müňden gowrak sargyt gelip gowuşdy

Hytaýyň awtoulag öndüriji Arcfox kompaniýasy öňünden sargytlar açylandan soňky ilkinji 48 sagadyň dowamynda Wendao V9 miniweni üçin 8 müňden gowrak sargyt alandygyny mälim etdi. ...

düýn 11:11
3.2k+

Ýapon hili nemes tehnologiýasyna garşy: Toyota bilen VW-niň ygtybarlylygynyň detallaýyn deňeşdirmesi

Consumer Reports neşiriniň täze geçiren barlagyna görä, Toyota ýapon brendi nemes Volkswagen kompaniýasyndan öňünden çaklanylýan ygtybarlylyk babatda uly artykmaçlygy görkezdi....

düýn 07:27
4.5k+

BMW adaty 220 adamlyk uçary lýuks «myhmanhana» öwürdi

BMW awtomobil dizaýnynyň çäginden çykyp, indi awiasiýa pudagynda lýuks ülňülerini ornaşdyrmaga girişýär: kompaniýanyň BMW Designworks bölümi Lufthansa Technik bilen bilelikde «The BOW» konseptini – uçar......

13.05.2026 23:24
2.6k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......