UEFA Ronalduny ýylyň ýygyndy toparyna goşmak üçin shemasyny üýtgetdi

  • 20.01.2020 03:20
  • 4k+

15-nji ýanwarda UEFA 2019-njy ýylyň simwoliki ýygyndy toparyny neşir etdi – ondaky oýunçylary janköýerler düzdi.
Ýygyndy toparyň geçen hepde taýýar bolandygy barada garaýyş bar, ýöne UEFA bir meseläni çözýärdi: oňa dünýäniň iň belli oýunçysy Kriştianu Ronaldu goşulmandy. Ol hüjümçilere ses berlişiginde dördünji orny eýeledi. Birnäçe günden soň bolsa, ony hem goşup biler ýaly täze shemany döretmek kararyna gelindi.
Netijede ýarym goragçyny – dünýäniň iň sada oýunçysy Ngolo Kanteni aýyrmaly boldy.
UEFA-nyň resmi wekiliniň düşündirmegine görä, «Ýygyndy topar UEFA-nyň saýasynda geçirilen bäsleşiklerde futbolistleriň üstünliklerini hasaba almak bilen düzüldi. Netijede, oňa Çempionlar ligasynyň bäş ýeňijisi we milletler Ligasynyň dört finalisti (bir ýeňijiden başlap) goşuldy. Shema yzygiderli üýtgedilýär, bu ýyl hem şeýle bolar».
Birnäçe faktlar:
- 2013-nji ýyldan 2018-nji ýyla çenli döwürde 4-3-3 shemasy 5 gezek ulanyldy, 2017-nji ýylda - 4-4-2.
- 2012-nji ýyldan bäri shemany janköýerler kesgitleýärdi, indi bolsa ony UEFA çözýär.
- Simwoliki ýygyndyny 2001-nji ýylda girizdiler, 2012-nji ýyla çenli ol 4-4-2 shema boýunça ýygnalýardy. 4-2-4 ilkinji gezek ulanylýar.
Ronaldu ýygyndydan 2007-nji ýyldan bäri çykanok, ol jemi 14 gezek goşuldy, birinji gezek – 2004-nji ýylda, soňra 3 ýyl arakesme düşdi.
Ýygynda goşulmakda Ronaldu öňdebaryjy, ondan soňky Messi – 11 gezek, soňra Sergio Ramos – 8.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......