Nurmagomedowyň kakasy: «Bize-de Konor bilen rewanş gerek, ýöne 100 million beriň»

  • 20.01.2020 03:15
  • 13k+

MMA-nyň rus göreşijisi Habib Nurmagomedowyň kakasy Abdulmanap oglunyň irlandiýaly göreşiji Konor Makgregor bilen rewanşynyň bolmak mümkinçiligine teswir berdi.
2018-nji ýylyň oktýabrynda Nurmagomedow Makgregora garşy göreşde ýeňiş gazandy we ýeňil agram boýunça UFC-niň guşagyna eýe boldy.
Irlandiýaly bolsa şundan soň Las-Wegasda geçirilen UFC 246 turnirinde oktagona ilkinji gezek dolandy we amerikanly Donald Serroneden üstün çykdy.
— Bize-de Konor bilen rewanşyň bolmagy gerek, ýöne 100 million dollar beriň – Nurmagomedowyň kakasy diýýär. – Fergýuson bilen göreşden soňky gün oňa şu puly beriň, ondan soň rewanşy näme üçin geçirmeris? Bilemok, ýöne Dana Uaýt bu göreş oňa gerek bolandygy üçin gurnamak hem islär.
Öň rewanşyň zerurlygy barada UFC-niň promouşeniniň prezidenti Deýna Uaýt hem habar beripdi.
Nurmagomedowyň Toni Fergýusona garşy indiki göreşi Nýu-Ýorkda 18-nji aprelde geçiriler.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......