Konoryň Serroneni ýeňmegi üçin bary-ýogy 40 sekunt gerek boldy

  • 19.01.2020 12:52
  • 9.8k+

UFC 246. Las-Wegasda ýylyň birinji turniri geçirildi. Onuň esasy duşuşygynda Konor Makgregor Donald Serroneden üstün çykdy. Göreş hatda bir raundda hem çekmedi.
Konor UFC 246-nyň ilkibaşyndan haýran galdyrdy. Ol «milliarderiň ýöreýşinden» el çekdi, Serrone bilen salamlaşdy. Emma göreşi welin, diýseň berk başlady: ilki bilen dessine klinç we egin bilen birnäçe urgular geçirdi. Netijede Donaldyň burny döwüldi.
Haçanda göreşijiler uzaklaşanda, Makgregor çep haýkik bilen gaty urup, Serroneni nokdauna gidirdi. Soňra ony tora gysyp, urmaga başlady. Emin Herb Din Serronä özüne gelmge wagt berdi, emma tiz wagtdan göreşi saklamaga mejbur boldy. Göreş başlanyndan bäri, bary-ýogy 40 sekunt geçdi.

Donald Serrone köplenç ýagdaýlarda göreşleriň başlanýan wagtynda ýalňyşlyklara ýol berýär, emma Konor bolsa, hut birinji raundda howply bolar. Bu göreşde aýgytlaýjy pursat — klinçden soň, Serroneniň göreşe taýýarlanyp ýetişmänka, aýak bilen kellesine urgyny geçirtmegi boldy. Mundan soň bolsa, urgularyň dowam etjekdigi gutulgysyzdyr.
Göreşden soň, Serroneni hassahana eltdiler. Ol hatda metbugat maslahatyna hem gelmedi.

düýn 20:07
7.6k+

Bangkokdaky ýeňliş Türkmenistany Aziýa Kubogyndan alyp galdy

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Aziýa Kubogy – 2027-niň saýlama tapgyrynyň kesgitleýji duşuşygynda Tailanddan 1:2 hasabynda utulyp, ýaryşyň final tapgyryna çykyp bilmedi. Duşuşyk 31-nji martda......

düýn 16:37
1.4k+

«AŞGABAT» topary küşt boýunça Türkmenistanyň ilkinji toparlaýyn çempionatynda ýeňiji boldy

Türkmenistanyň sport taryhynda küşt boýunça ilkinji toparlaýyn çempionat Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebinde tamamlandy. Türkmenistanyň Küşt federasiýasy tarapyndan guralan bu bäsleşige......

düýn 10:51
9.2k+

Ýamalam däl, Mbappe-de: Goal «Altyn topa» iň mynasyby yglan etdi

Goal portaly 2026-njy ýylda «Altyn top» baýragyna esasy dalaşgärleriň sanawyny yglan etdi. Onda iň esasy dalaşgär «Bawariýanyň» hüjümçisi Garri Keýn bolup durýar. Ikinji orny «Barselonanyň» wingeri Lamin Ýamal......

düýn 07:17
2k+

19 ýaşly Antonelli Ýaponiýanyň Gran-prisini utdy we «Formula-1-iň» iň ýaş lideri boldy

«Mercedes» toparynyň sürüjisi Kimi Antonelli Ýaponiýanyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryşa birinji ýerden başlan italiýaly sürüji yzyndan gelýän Oskar Piastriden («McLaren») 13,7 sekunt tiz bolup, pellehana......