«Ýuwentus» «Barselona» oýunçylaryny alyş-çalyş etmegi teklip etdi

  • 18.01.2020 22:46
  • 3.1k+

«Ýuwentus» we «Barselona» gyş transfer penjiresinde oýunçylaryny alyş-çalyş etmekleri mümkin.
Çeşmäniň maglumatlaryna görä, turinliler «gök-gyzyllara» ýarym goragçy Federiko Bernardeskä eýe bolmagy teklip etdiler. Onuň deregine «Ýuwentus» katalonlylaryň hawbeki Iwan Rakitiçi özüne kabul etmek isleýär.
Häzirki wagtda bu iki tarap degişli gepleşikleri geçirýärler. Şeýle alyş-çalyş etmek pikiri aslynda geçen tomus ýüze çykdy, ýöne ony «Barselonanyň» ozalky baş tälimçisi Ernesto Walwerde goldamandy.
«Ýuwentusyň» halypasy Maurisio Sarri bolsa ylalaşmaga razy.
Häzirki möwsümde 31 ýaşly Rakitiç Ispaniýanyň çempionatynda 13 oýna gatnaşdy we iki gezek pökgini netijeli geçirdi.
25 ýaşly Bernardeski bolsa Seriýa A-da 14 oýunda hem hiç hili netijeli hereket bilen bellige alynmady.

düýn 23:07
1.7k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.3k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.1k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......