Konor Makgregor Donald Serronä garşy

  • 17.01.2020 21:11
  • 6.9k+

Şenbeden ýekşenbä geçilýän gijesi Las-Wegasda UFC-niň ýyldaky ilkinji turniri geçiriler. Konor Makgregor birýarym ýyl «arakesmeden» soň yzyna dolanýar we ol UFC 246 turnirinde Donald Serrone bilen göreşer.
«Serrone bilen boljak göreşe dolanmagymyň sebäbi pul üçin däl. Mende olar müdimilik diýen ýaly bar. Hiç bir pul meniň «açlygymy» saklap bilmez. Men öz isleýşim ýaly ýaşasym gelýär. Haçan-da seniň puluň köp bolanda, onda hiç hili çäk ýok: sen islendik zady edip bilýärsiň, islendik ýere gidip bilýärsiň. Indi bolsa men näme etmek isleýändigimi bilýärin we muny hem edýärin. Men diňe öňe tarap hereket edýärin, men häzir özümi tutuş ömrüm boýunça iň gowy formada duýýaryn: hem akyl taýdan, hem fiziki taýdan» – diýip, Konor diýýär.
Deýna Uaýtyň onuň ýarym orta agram üçin has kiçidigi baradaky aýdan sözleri Konory «kemsinmäge getirdi». Şonuň üçin Makgregor Serrone bilen 77 kg çenli diwizionda göreşmegi teklip edýär, Donald bolsa muny höwes bilen kabul etdi.
«Ýarym orta agramda göreşmek Konoryň pikiridi. Meniň üçin onuň hiç hili ähmiýeti ýok. Konor örän ukyply ýigit. Onuň şöhrata ýetmek üçin edýän hereketlerini synlamak gyzykly. Onuň karýerasy hem juda uly. Men kim bilen göreşýändigimi hem we bu göreşe adamlaryň köp mukdarynyň ünsüniň gönükdiriljekdigini hem bilýärin. Ýöne bu meniň üçin «beýik Makgregor» bilen göreş däl, bu meniň üçin 18-nji ýanwardaky ýönekeý bir göreş» – diýip, Serrone diýýär.
Geň ýaly görünse-de, göreşijiler biri-birini sylaýarlar. 16-njy ýanwardaky press-konferensiýada Konor bilen Serrone ilkinji gezek ýüzbe-ýüz duşuşdylar. Şonda Makgregor garşydaşynyň elini gysdy – bular ýaly waka UFC-de heniz bolmandy.
Bu göreş üçin Konor 5 million dollar, Serrone 2 million dollar gazanar. Ýöne Makgregor onuň umumy girdejisiniň 80 million boljakdygyna ynandyrýar. Bular bilelikde UFC-de diňe bonuslar bilen 1,3 million gazandylar. Serrone rekordsmen – onda 18 baýrak bar, Konorda 9.

düýn 23:07
994

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
1.7k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
4.6k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.4k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......