Türkmenistan DÇ–2022-niň saýlama tapgyrynda Şri-Lankadan üstün çykdy

  • 20.11.2019 05:16
  • 2.9k+

Türkmenistanyň milli ýygyndysy Dünýä çempionaty – 2022-niň saýlama tapgyrynda üçünji ýeňşini gazanmagy başardy.
Türkmenistanyň Futbol Federasiýasynyň saýtynyň habar bermegine görä, şu gün paýtagtymyzdaky “Köpetdag” stadionynda geçirilen duşuşykda ýygyndy toparymyz Şri-Lankanyň milli ýygyndysyny 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.
Ýygyndymyza ýeňiş getiren toplary Abdy Bäşimow (44-nji minut) bilen Altymyrat Annadurdyýew (59-njy minut) öz atlaryna ýazdyrdylar.
Bu günki gazanan ýeňşinden soň 9 utuk toplan ýygyndy toparymyz “H” toparçada birinji orna geçdi. Bir duşuşygy az geçiren Koreýa Respublikasy 8 utuk bilen ikinji, 7 utukdan toplan Liwanyň hem-de KHDR-iň ýygyndylary üçünji, dördünji orunlary eýeleýärler. Şri-Lankanyň milli ýygyndysy häzirlikçe utuk toplap bilmedi.
Milli ýygyndymyz dünýä çempionaty – 2022-niň saýlama tapgyryndaky nobatdaky duşuşygyny 2020-nji ýylyň 26-njy martynda Koreýa Respublikasynyň ýygyndysynyň garşysyna myhmançylykda geçirer.

düýn 13:33
3.4k+

Allanur Daýanjow ilkinji gezek tennis boýunça Türkmenistanyň Kubogyny aldy

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň köpugurly sport toplumynda tennis boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrunda ýaryş geçirildi. Oňa  Ahal, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlaryndan we Aşgabatdan 72 türgen (47 erkek we 25 zenan) gatnaşdy...

düýn 11:23
3.3k+

Aziýanyň futbol konfederasiýasy Milletler ligasyny döretdi: milli ýygyndylar üçin täze ýaryş

Aziýanyň futbol konfederasiýasy (AFC) Milletler ligasynyň – milli ýygyndylar üçin täze yzygiderli ýaryşyň döredilendigini yglan etdi. Bu barada 21-nji dekabrda Kuala-Lumpurda habar berildi. Ýaryş FIFA-nyň halkara penjiresinde geçiriler...

düýn 08:27
9.8k+

«Arkadag» AFK Çempionlar ligasy 2-niň pleý-offuna çykdy. 1/8 finalda klubuň garşydaşy Ronaldu bilen «Al-Nasr» bolup biler

«Arkadag» futbol kluby AFK Çempionlar ligasy 2-niň pleý-offuna ýollama aldy. Ol B toparçada ikinji orny eýeledi. Altynjy tapgyryň aýgytly oýnunda Röwşen Muhadowyň topary Bahreýniň «Al-Haldiýa» klubuny 1:0 hasabynda utdy...

24.12.2025 13:28
12k+

Entoni Joşua Jeýk Pol bilen söweşde gazanan pulundan 49 mln dollar salgyt tölär

IBF, WBA, WBO we IBO boýunça superagyr agramda öňki dünýä çempiony Entoni Joşua amerikaly bloger-boksçy Jeýk Pola garşy söweş üçin gazanan hakyndan, takmynan, 48,6 mln dollar salgyt tölemeli bolar. Bu barada Yahoo Sports habar berýär...