Günüňi limonly suw bilen başlamagyň peýdasy barada

  • 14.11.2019 23:50
  • 35k+

Limon diňe bir dürli naharlaryň tagamyny artdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, ol saglyk üçin hem örän peýdaly, bu hiç kim üçin syr däldir. Ony iň gowy önümler bilenem utgaşdyrmak bolýar. Şonuň üçin soňky wagtlarda lukmanlar we dietologlar ýygy-ýygydan limon şireli suwy ajöze içmegi maslahat berýärler. Muny näme üçin etmelidigini we onuň organizme nähili täsiriniň bardygyny belläp geçeliň. (Birinji sebäp – şeýle içgi kofeden pes gujur bermeýär).
Organizmi arassalaýar. Ajöze içilen limonly suw organizmden toksinleri we zyýanly maddalary çykarýar. Limon tagamy boýunça örän turşy, ýöne haçan-da olar organizme düşenlerinde, biohimiki reaksiýa bolup geçýär. Netijede, kislota-aşgar deňagramlylygy aşgar tarapa üýtgeýär. Limon şiresi bagryň işini güýçlendirýär, ol toksinleri işjeň çykaryp başlaýar, suw bolsa olary ýuwup aýyrýar.
Içegäniň işine kömek edýär. Içgi bir günüň içinde iýmiti siňdirmäge kömek edýär. Limonly suw meteorizmde we iç ýöremezlikde kömek edýär.
Agramyň azalmagyna ýardam edýär. Agramyňy derrew azaltmak üçin, organizm aşgarlanylmaly, sebäbi ähli himiki reaksiýalar aşgar sredasynda gowy geçýär. Ýaňy belläp geçişimiz ýaly, limonly suw aşgar sredasyny goldaýar. Şeýle-de, limon düzüminde açlygy az duýmaga kömek edýän pektin bar. Siz çaşka çaýy ýa-da süýtli kofäni limonly suwa çalyşsaňyz, kaloriýany az kabul edersiňiz.
Gyjynyp duran aşgazany köşeşdirýär. Eger-de siz dok garna ýatan bolsaňyz, sary gaýnama ýa-da garnyň çişmegi bilen oýanmagyňyz mümkin. Şeýle ýagdaýda limon şiresi goşulan gyzgyn suw turşulygy peselder, duzuň kömegi bilen bolsa kaliý ýürekbulanmany aýyrar.
Limonly suwy nädip dogry içmeli? Bu ýerde wariant köp, käbirleri suwly stakana ýarty limony sykmagy maslahat berýär, käbirleri birnäçe dilimiň ýetikdigini tassyklaýarlar. Biz iň gowy usulyny saýladyk.
Suwy ajöze içmeli. Suw hem ýyly bolsa has gowy (sowugam däl, gyzgynam däl). Şiräniň möçberi – takmynan, 100 ml-e 1 çaý çemçesi ýa-da suwly stakana iki dilimiň suwy.

şu gün 15:20
1.1k+

Hytaýda ysmaz keselli adamlara niýetlenen beýni implantyny söwda maksatly ulanmaga rugsat berildi

Hytaý häkimiýetleri Neuracle Technology (Shanghai) kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen ilkinji inwaziw (kelleçanak içine ýerleşdirilýän) «beýni-kompýuter» interfeýsini söwda maksatly ulanmaga rugsat berdi. Şeýle-de Hytaýyň Lukmançylyk önümleri boýunça milli müdirligi bu enjamy bazara çykarmak hukugyny tassyklady...

şu gün 07:47
1.3k+

Alymlar B2 witamininiň çiş öýjüklerini halas edip biljekdigini anykladylar

Adatça öýjükleri zeperlenmelerden goramaga kömek edýän B2 witamini, şol bir wagtyň özünde rak öýjükleriniň hem janly galmagyna ýardam berip biler. Ýulius Maksimilian adyndaky Wýursburg uniwersitetiniň Rudolf Wirhow merkeziniň alymlarynyň gelen bu netijesine esas bolan barlag hakda Nature Cell Biology žurnalynda çap edildi...

düýn 15:40
4.8k+

Awstraliýaly bir adam rak keselinden ejir çekýän iti üçin ChatGPT ulanyp mRNA sanjymyny döretdi

Awstraliýaly IT telekeçisi Pol Koningem standart bejergi netije bermänsoň, öz iti Rozi üçin synag mRNA sanjymyny işläp düzdi. Olar baradaky wakany The Australian gazeti gürrüň berdi. 2024-nji ýylda inženerçilik...

düýn 08:05
4.6k+

Türkmenistanda 1 — 7-nji aprelde Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan çäreler geçiriler

1 — 7-nji aprel aralygynda Türkmenistanda Bütindünýä saglyk gününe gabatlanyp, sport, medeni we wagyz-nesihat çäreleri geçiriler. Olara görülýän taýýarlyk işleri 20-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde maslahatlaşyldy diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde mälim edildi...