Fiziki türgenleşik ýaş görünmegimize kömek edýär - ylmy taýdan subut edildi

  • 13.11.2019 00:16
  • 2k+

Eýýäm 3 aý yzygiderli zähmetden soň netije görünýär!
Sport zalyndaky türgenleşikler bizi ýaş görkezermi? Maýo klinikasynyň (Minnesota ştaty, ABŞ) barlag geçirijileri ýörite barlag geçirdiler, onuň netijeleri şuny tassyklady: yzygiderli ýokary derejeli fiziki türgenleşikler öýjükleriň kislorody energiýa öwürmek ukybyny ýokarlandyrýar. Eksperimente 18 ýaşdan 80 ýaşa çenli ululykdaky, durmuşyny az hereket bilen geçirýän 72 sany adam gatnaşdy.
Meýletinçileri üç topara böldüler: birinji topara gatnaşyjylar 4 aýyň içinde ýokary derejeli interwal türgenleşikleri bilen yzygiderli meşgullandylar, ikinji toparyň gatnaşyjylary – güýçli türgenleşikler bilen, üçünji toparyň gatnaşyjylary – güýçli we interwal türgenleşikleriniň birleşdirilmegi bilen.
Barlagyň geçiriliş wagtynyň içinde alymlar gatnaşyjylaryň aýaklarynyň güýjüni, olaryň myşsa göwrümlerini, kislorod potensialyny we insulina duýgurlygyny ölçeýiş işlerini geçirdiler. Şeýle-de, gatnaşyjylaryň dokuma nusgalaryna biopsiýa edildi.
Barlag geçirijiler habar berdiler, 12 hepdelik seansyň ahyryna çenli üç toparyň meýletinçileri myşsalarynyň we aerob ukyplarynyň kämilleşendigini görkezdiler.
Ýöne ýokary derejeli interwal türgenleşigiň toparyna girýänler öýjükleriň kislorody energiýa öwürmek ukybynda has gowy netijäni görkezdiler, üstesine-de ýaş gatnaşyjylar ýaly has uly ýaşlylar hem örän gowy netijäni görkezdiler.
Bu nämäni aňladýar? Mitohondriýalar we ribosomlar – madda çalşygy we aerob taýýarlygy üçin möhüm bolan organeller, ýaşyň ulalmagy bilen ýaramaz işläp başlaýarlar. Ýöne eger-de olary aktiw we sagdyn saklamak mümkinçiligini tapsaň, onda öýjüklerdäki ýaş boýunça üýtgeýiş alamatlarynyň birnäçesini yza gaýtarmak bolýar. Barlagyň netijesi boýunça, ýokary derejeli interwal türgenleşikler bellibir derejede muňa ýardam ederler.

düýn 14:46
3.1k+

BSGG Afrikadaky Ebola keseli sebäpli halkara derejeli adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda we Ugandada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyny jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda halkara ähmiýetli adatdan daşary ýagdaý diýip......

16.05.2026 18:05
5.6k+

Allergolog: çybynyň çakmagyna eşigiň reňki-de sebäp bolup bilýär

Çybynlar özüne pida saýlanlarynda birnäçe biologik aýratynlyklara seredýärler. Bu mör-möjekleri adamlaryň gan topary, beden gyzgynlygy, çykarýan kömürturşy gazy we hatda geýen geýminiň reňki hem özüne çekip......

14.05.2026 16:32
1.8k+

Alymlar düwnüge garşy göreşde immun reaksiýasyny ýokarlandyrmagyň usulyny tapdylar

Hytaýly, ýewropaly we kanadaly halkara alymlar topary ýönekeý organiki birleşmäniň — sitrakon kislotasynyň — immun öýjükleriniň işjeňligini dikeldip we olaryň rak keseline garşy göreşijilik ukybyny......

13.05.2026 23:49
1.3k+

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....