Lukmanlar passiw dynç alşyň zyýanlydygyny düşündirdiler

  • 12.11.2019 05:34
  • 3k+

Fiziki işjeňligiň birden pese düşmegi iki hepdäniň dowamynda saglyk üçin negatiw netijeleri ýüze çykarýar, bu barada Mignews.com-a salgylanmak bilen Trend habar berýär.
Şeýle netijä Nýuskasl uniwersitetiniň alymlary özleriniň diabeti öwrenmek boýunça geçiren barlaglary barada Ýewropa assosiasiýasynyň kongresinde gürrüň beren wagtlarynda gelýärler. Olaryň maglumaty boýunça, endik edilen işjeňligiň derejesiniň birden peselmegi bary-ýogy iki hepdäniň dowamynda saglygyň esasy görkezijileriniň ýaramazlaşmagyna, şeýle-de biliň göwrüminiň artmagyna getirýär.
Hünärmenler özleriniň eksperimenti barada aýtdylar, bu eksperimente 32 ýaşlarynda bolan orta ýaşly 28 sany meýletinçi gatnaşdy. Olaryň ählisi sagdyndy, bedenleriniň massasy hem norma laýykdy we olar “ortaça” fiziki işjeňligi görkezýärdiler. Ýagny, olar günüň dowamynda on müň ädim ýoly geçýärdiler we hepde-de 1-2 sagat sport bilen meşgullanýardylar.
Meýletinçilere fiziki işjeňligi birden pese düşürmek tabşyrylýar. Iki hepdäniň içinde olar günde 1,5 müň ädim ýol geçdiler. Soňra eksperimente gatnaşyjylar dürli hili testleri geçdiler.
Iki hepdäniň dowamynda synagdan geçýän adamlaryň biliniň göwrümi artdy – ortaça 0,8 sm. Olaryň ýag dokumalarynyň möçberi 0,5% ösdi, şeýle-de ganyň düzümindäki trigliseridiň derejesi ýokarlandy we insulina garşylyk görkezijilik artdy. Mundan başga-da, meýletinçiler fiziki işleri 4% ýaramaz ýerine ýetirdiler. Ýagny, olarda diabet we ýürek-damar keselleriniň howpy ýokarlandy, diýmek, wagtyndan öň ýogalmak howpy hem.
Haçan-da meýletinçiler özleriniň adaty durmuşyna dolanyp gelenlerinde, birnäçe hepdeden soň olaryň ähli görkezijileri başdaky ýagdaýyna gaýdyp geldi.

şu gün 15:20
1.1k+

Hytaýda ysmaz keselli adamlara niýetlenen beýni implantyny söwda maksatly ulanmaga rugsat berildi

Hytaý häkimiýetleri Neuracle Technology (Shanghai) kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen ilkinji inwaziw (kelleçanak içine ýerleşdirilýän) «beýni-kompýuter» interfeýsini söwda maksatly ulanmaga rugsat berdi. Şeýle-de Hytaýyň Lukmançylyk önümleri boýunça milli müdirligi bu enjamy bazara çykarmak hukugyny tassyklady...

şu gün 07:47
1.3k+

Alymlar B2 witamininiň çiş öýjüklerini halas edip biljekdigini anykladylar

Adatça öýjükleri zeperlenmelerden goramaga kömek edýän B2 witamini, şol bir wagtyň özünde rak öýjükleriniň hem janly galmagyna ýardam berip biler. Ýulius Maksimilian adyndaky Wýursburg uniwersitetiniň Rudolf Wirhow merkeziniň alymlarynyň gelen bu netijesine esas bolan barlag hakda Nature Cell Biology žurnalynda çap edildi...

düýn 15:40
4.8k+

Awstraliýaly bir adam rak keselinden ejir çekýän iti üçin ChatGPT ulanyp mRNA sanjymyny döretdi

Awstraliýaly IT telekeçisi Pol Koningem standart bejergi netije bermänsoň, öz iti Rozi üçin synag mRNA sanjymyny işläp düzdi. Olar baradaky wakany The Australian gazeti gürrüň berdi. 2024-nji ýylda inženerçilik...

düýn 08:05
4.6k+

Türkmenistanda 1 — 7-nji aprelde Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan çäreler geçiriler

1 — 7-nji aprel aralygynda Türkmenistanda Bütindünýä saglyk gününe gabatlanyp, sport, medeni we wagyz-nesihat çäreleri geçiriler. Olara görülýän taýýarlyk işleri 20-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde maslahatlaşyldy diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde mälim edildi...