Dünýäniň esasy awtomobil bazarlary belli edildi

  • 10.11.2019 12:58
  • 7.6k+

Analitikler şu ýylyň dokuz aýy boýunça täze awtomobilleriň dünýä satuwynyň jemini jemlediler we iň köp satuw işlerini amala aşyran bazarlary atlandyrdylar.
«Awtostatanyň» maglumatlaryna görä, dünýäde 2019-njy ýylyň ýanwaryndan sentýabra çenli 67 mln täze awtomobil satyldy. Bütindünýä awtomobil bazary orunlary planetar ekonomikasy boýunça paýlaýar: 2018-nji ýylyň şol wagtynda satuw işleri 5,6% aşak düşüpdi. Şunuň bilen birlikde 2019-njy ýylda satylan awtomobilleriň mukdarynyň 75%-den gowragyny 12 ýurda bölýärler.
Satuw boýunça birinji ýeri Hytaý eýeleýär, bu ýerde 9 aýyň dowamynda 18,1 mln täze ýeňil awtomobiller we ýeňil söwda ulaglary (10% minus) satyldy. Ikinji orny eýelän ABŞ-da hem pese gaçyş bar, ýöne Hytaýdaky ýaly gaty bir uly däl, 1% pese gaçyş we netijede 12,8 mln satylan birlikler (-1%). Ondan soň Ýaponiýa, Germaniýa, Hindistan, Beýik Britaniýa we Braziliýa gelýär, bu ýurtlarda satuw işleri, tersine, ýokarlanýar. Hemmesinden ýokary – Hindistanda (+16%), iň azy – Beýik Britaniýada (+2%).

düýn 17:50
4.8k+

Hytaýda ýokary galýan üçegi we kiçijik aşhanasy bolan Ford Bronco üçin sargytlar açyldy

Ford kompaniýasy Hytaýda Basecamp atly Bronco krossoweriniň täze wersiýasy üçin sargytlary kabul edip başlady. Model ýerli bazar üçin ýörite döredildi we syýahaty söýüjiler üçin niýetlenýär diýip, Carscoops ýazýar...

düýn 11:02
4.2k+

Toyota Le Man-da Ferrari-i bilen bäsleşmek üçin ýaryş awtoulagyny täzeleýär

Toyota kompaniýasy 2026-njy ýylda ýaryş ýollaryna çykjak döwrebaplaşdyrylan GR010 ýaryş awtoulagynyň ilkinji suratlaryny görkezdi. Ýapon kompaniýasynyň esasy maksady – Ferrari-niň topary ýaryş ýoluna gaýdyp geleninden soň, “Le Man-yň 24 sagady” ýaryşynda, ýitirilen zatlaryň öwezini dolmak bilen, öňdebaryjy ornuny gaýtadan dikeltmek...

05.10.2025 17:03
7.7k+

Audi krossoweri geljekde eýesini ýüzünden tanar

Audi kompaniýasy Hytaýyň SAIC konserni bilen bilelikde AUDI subbrendiniň hataryny täze nyşan bilen giňeldýär, indi adaty dört halkasyz bolar. E5 Sportback elektrik ulagyndan soň, oňa Hytaýda eýýäm synagdan geçýän krossower goşular...

05.10.2025 17:00
5k+

Toyota 400 müň töweregi Tundra, Tacoma we Sequoia ulaglaryny yzyna gaýtarýar

Toyota ABŞ-da 400 müň töweregi ulagyň yzyna çagyrylandygyny habar berdi. Yza çagyryş kampaniýasy Tundra pikaplaryna we olaryň gibrid görnüşlerine, 2023–2025-nji model ýyllarynda çykarylan Sequoia ulaglaryna, şeýle hem takmynan 6 müň sany Tacoma 2025 pikaplaryna degişli...