Ýürege iň peýdaly 10 sany önüm

  • 08.11.2019 20:38
  • 15k+

Taýýarlamasy ýönekeý bolan bu ýokumly önümler her bir adamyň rasionynda bolmaly.
Günüňizi süle ýarmasyndan edilen gyzgynjak şüle bilen başlaň. Şüle Omega-3 kislota ýaglaryna, foliý kislota duzlaryna we kaliý elementine baý. Mundan başga-da, bu iýmit düzüminde gandaky “erbet” holesteriniň derejesini peseldýän birnäçe peýdaly woloknalary saklaýar. Woloknany artdyrmak üçin şülä banan bölejiklerini goşuň.
Gyzylbalyk hem Omega-3 kislota ýaglaryna baý, bu balyk gan basyşynyň derejesini peseldýär we tromblaryň damarlarda emele gelmegine mümkinçilik bermeýär. Biziň organizmimiz üçin gyzylbalygyň laýyk möçberi – hepdede iki porsiýa. Şonuň bilen biz ýürek tutma zerarly ýogalmak howpuny üçden bir bölek peselderis.
Dünýäde iň bir peýdaly önümleriň biri – awokado. Berhiziňizi ýürege peýdaly ýaglar bilen kanagatlandyrmak üçin, onuň böleklerini sendwiça ýa-da ysmanakdan edilen işdäaçara goşuň. Awokadoda “gowy” holesteriniň derejesini ýokarlandyrýan doýgun bolmadyk ýaglar saklanýar.
Şeýle ýaglaryň köp mukdary zeýtun ýagynyň düzüminde hem bar. Zeýtun ýagy Italiýa, Gresiýa, Kipr ýaly günorta ýurtlaryň aşhanasynda giňden ýaýran. Bu ýerlerde beýleki Ýewropa döwletlerine garanyňda, ýürek tutmadan ýogalmak derejesi pes. Grek hozlaryny iýiň! Munda hem Omega-3 kislota ýaglary köp.
Grek hozuna mindal ýa-da makadamiýany (awstraliýa hozy) hem goşmak bolýar. Peýdaly kislotalar bilen birlikde hoz woloknalara hem baý. Ýokumly we peýdaly ýagyň çeşmesi.
Nähilidir bir süýji zatlary isleýäňizmi? Miwelere geçeliň, ter ýa-da doňdurylan. Biziň iň gowy görýänimiz – ýertudana, malina, zemlýanika, çernika, smorodina – bularyň hemmesi ýürek keselleriniň we rak keseliniň güýçlenmek howpuny peseldýän antiçişme alamatlara eýe.
Noýbany hem ýatdan çykarmalyň! Ol peýdaly woloknalardan, Omega-3 kislota ýaglaryndan we kalsiýden doly, noýba örän peýdaly. Esasanam, merjimek, türk nohudy we noýbasy.
Işdäaçarlara geçeliň. Olar üçin esasy komponent ysmanak. Ol bize uzak wagtlap oňat formada galmaga kömek edýär, düzüminde lýutein, foliý kislota duzlaryny, kalsiý we wolokna elementlerini saklaýar.
Zygyr çigitleri hem woloknalardan we Omega-3 kislotalardan paýsyz däl. Azrak çigidi şülä ýa-da bulka goşuň, netijede sagdyn ertirligiň üstüni ýetirersiňiz.
Biziň onlugymyzy soýa jemleýär. Ol holesterini peseldýär we peýdaly proteinleriň çeşmesi hasaplanýar, çünki ol düzüminde doýgun ýagyň pes derejesini saklaýar.

düýn 14:46
3.1k+

BSGG Afrikadaky Ebola keseli sebäpli halkara derejeli adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda we Ugandada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyny jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda halkara ähmiýetli adatdan daşary ýagdaý diýip......

16.05.2026 18:05
5.6k+

Allergolog: çybynyň çakmagyna eşigiň reňki-de sebäp bolup bilýär

Çybynlar özüne pida saýlanlarynda birnäçe biologik aýratynlyklara seredýärler. Bu mör-möjekleri adamlaryň gan topary, beden gyzgynlygy, çykarýan kömürturşy gazy we hatda geýen geýminiň reňki hem özüne çekip......

14.05.2026 16:32
1.8k+

Alymlar düwnüge garşy göreşde immun reaksiýasyny ýokarlandyrmagyň usulyny tapdylar

Hytaýly, ýewropaly we kanadaly halkara alymlar topary ýönekeý organiki birleşmäniň — sitrakon kislotasynyň — immun öýjükleriniň işjeňligini dikeldip we olaryň rak keseline garşy göreşijilik ukybyny......

13.05.2026 23:49
1.3k+

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....