Toyota kompaniýasy özboluşly trek Avalon kysymyny görkezdi

  • 08.11.2019 06:46
  • 7.7k+

Ýapon awtoöndürijisi Avalon sedanynyň sport modifikasiýasyny görkezdi.
Soňky nesliň Toyota Avalon sedany ABŞ-nyň we Kanadanyň territoriýasynda öndürilýär. 2018-nji ýylda kämilleşdirilen aerodinamiki topluma, modifisirlenen podweska we 3,5 litr öndürijilikli motora eýe bolan TRD-niň (Toyota Racing Deýelopment) ýaryş wersiýasy tanyşdyrylypdy.
SEMA-2019 sergisinde Toyota Avalon TRD Pro trek wersiýasy görkezildi. Awtomobil seriýaly öndürilmeýän şou-kar bolup durýar. 3,5 litr göwrümli güýçli gurluş gutarnykly işlenildi, bu bolsa onuň kuwwatlylygyny 34 at güýjünden 355 at güýjüne çenli artdyrmaga mümkinçilik berdi. Sowuk howany alyjy we gaz çykarýan ulgamlarda-da üýtgeşmeler bolup geçdi. TRD Pro-nyň modifikasiýasy Toyota Racing Development-iň hünärmenleri tarapyndan bölümiň 40 ýyllyk ýubileýi mynasybetli döredildi.
Şeýle-de awtomobil kuzowy kämilleşdiriji täze aerodinamiki, ýagny öňki bamperi howaalyjy bilen birikdirýän toplum bilen, maşynyň ýük goýulýan ýeriniň gapagynda lip-spoýler bilen, gaýtadan işlenilen yzky bamper bilen üpjün edildi.
Bu sagatda 160 km tizlik bilen hereket eden ýagdaýynda awtomobiliň basyş güýjüni 45 kilogramm artdyrmaga mümkinçilik berdi. Hünärmenler startda tekerleriň boş aýlanyp durmagynyň öňüni almaga mümkinçilik berýän ýokary sürtülme differensialyny gurnadylar. Trek TRD Pro ýeňil düzümli diskleriň daşy ugleplastik gurşaw bilen “geýindirilen”, ýagny 275/35 R18 ölçegdäki Goodyear Supercar 3R ýörite şina-psewdoslikler bilen üpjün edilen.
Has netijeli tormozlama üçin 355 mm diametrli diskler we dört porşenli support ulanylýar.
Ugleplastikaly daşky panelleriň ulanylmagy bilen awtomobiliň kuzowynyň agramyny 68 kilogramma çenli peseldi. RAV 4-üň alýumin stoýkalary arkaly podweska gutarnykly işlenildi, bu ulagyň ruluň öwrümine täsirini kämilleşdirmäge mümkinçilik berdi we TRD Pro-ny ýene 1,8 kilogramm ýeňletdi – Тарантас Ньюс saýtynda habar berilýär.

düýn 17:50
4.8k+

Hytaýda ýokary galýan üçegi we kiçijik aşhanasy bolan Ford Bronco üçin sargytlar açyldy

Ford kompaniýasy Hytaýda Basecamp atly Bronco krossoweriniň täze wersiýasy üçin sargytlary kabul edip başlady. Model ýerli bazar üçin ýörite döredildi we syýahaty söýüjiler üçin niýetlenýär diýip, Carscoops ýazýar...

düýn 11:02
4.2k+

Toyota Le Man-da Ferrari-i bilen bäsleşmek üçin ýaryş awtoulagyny täzeleýär

Toyota kompaniýasy 2026-njy ýylda ýaryş ýollaryna çykjak döwrebaplaşdyrylan GR010 ýaryş awtoulagynyň ilkinji suratlaryny görkezdi. Ýapon kompaniýasynyň esasy maksady – Ferrari-niň topary ýaryş ýoluna gaýdyp geleninden soň, “Le Man-yň 24 sagady” ýaryşynda, ýitirilen zatlaryň öwezini dolmak bilen, öňdebaryjy ornuny gaýtadan dikeltmek...

05.10.2025 17:03
7.7k+

Audi krossoweri geljekde eýesini ýüzünden tanar

Audi kompaniýasy Hytaýyň SAIC konserni bilen bilelikde AUDI subbrendiniň hataryny täze nyşan bilen giňeldýär, indi adaty dört halkasyz bolar. E5 Sportback elektrik ulagyndan soň, oňa Hytaýda eýýäm synagdan geçýän krossower goşular...

05.10.2025 17:00
5k+

Toyota 400 müň töweregi Tundra, Tacoma we Sequoia ulaglaryny yzyna gaýtarýar

Toyota ABŞ-da 400 müň töweregi ulagyň yzyna çagyrylandygyny habar berdi. Yza çagyryş kampaniýasy Tundra pikaplaryna we olaryň gibrid görnüşlerine, 2023–2025-nji model ýyllarynda çykarylan Sequoia ulaglaryna, şeýle hem takmynan 6 müň sany Tacoma 2025 pikaplaryna degişli...