Gije işlemeklik saglyga nähili täsir edýär

  • 05.11.2019 22:37
  • 6.4k+

Megapolisiň ýaşaýjylary töwerekdäki ähli zatlaryň gije-gündiz işläp durmagyna uýgunlaşdylar. Öň giç ýatýan adamlara diňe nobatçy dermanhana-da garaşylýardy, bu gün bolsa gijeki sport zallar, kitaphanalar we kinoteatrlar hem olaryň hyzmatynda. Bu bolsa günüň garaňky wagtynda işleýänleriň sanynyň köpelýändigini aňladýar. Şeýle tertipnamanyň ýürek keselini, depressiýany we agramyň artmagyny näme sebäpden güýçlendirýändigini we eger-de siz “torgaý” ýa-da “kepderi” bolsaňyz, gijeki režime nähili taýýar bolmalydygyny seljereliň.
Gijelerine kim zähmet çekýär?
“Gijeki wagt” düşünjesiniň özüni köp ýurtlaryň kanun çykaryjylary dürlüçe düşündirýärler. Aýdaly, Russiýanyň Zähmet kodeksi bu wagty 22:00-dan 6:00-a çenli kesgitleýär, ABŞ-da gije diýlip 23:00-dan 7:00-a çenli aralykdaky wagta düşünilýär. Halkara Zähmet guramasynyň kesgitlemegine görä, 1980-nji ýyllaryň ahyrynda senagat taýdan ösen ýurtlarda 7-den 15%-e çenli işçi gijeki smenada işleýärdi. Häzirki wagtda hem köp ýurtlarda ýagdaý şeýle. Meselem, 2018-nji ýylda profsoýuzlaryň Britan kongresi işçileriň 11,5%-niň gijeki smenada işleýändigini hasaba aldy.
Göräýmäge, bu köp däl ýaly - ýöne bu hasabat smena tertipnamasy boýunça resmi işleýänleri we gije işe çykýanlary öz içine alýar. Ýöne şeýle režime ýazylmadyklaryň käwagtlar işde eglenmeli bolýandygyny hem ýatdan çykarmaly däl. Bu ýerde sanlar düýbünden başgaça.
Ýaňy-ýakynda Ýokary ekonomika mekdebiniň alymlary standart däl (agşam, gije ýa-da dynç günlerinde) tertipnama boýunça rus işçileriniň 60% töwereginiň zähmet çekýändigini anykladylar.
Sorag geçirilenleriň deň ýarysy aýda birnäçe gezek ýa-ha agşam, ýa-da gijelerine işleýärler, dörtden bir bölegi – bir hepde ýa-da her gije.
Alymlar 27 sany ýurt barada, esasanam, ýewropa ýurtlary barada maglumat topladylar. Olaryň ýaşaýjylarynyň köp bölegi standart däl tertipnama boýunça işleýärler. Esasanam, horwatlar we grekler (70% töweregi işçi) şeýle işleýärler. Russiýa bu sanawda dördünji orunda durýar.
Bu sanlar gije işlemekligi nähili derejede görkezýärler? Bir tarapdan, sorag geçirilenleriň bir bölegi gijäni uka sarp edip, diňe agşamlaryna işläp bilýärler. Beýleki tarapdan, sorag diňe esasy iş ýerlerine degişli edildi, muňa garamazdan, köp russiýalylaryň resmi işden soň gazanç edýändiklerini hasaba alsaň, onda mukdar has ýokary bolar.
Gijelerine işlemeli bolanlaryň köpüsi şundan kyn režimiň ýokdugyny aýdarlar: iş ukyňy tutdurýar, bir çaşka kofe beýlekini çalşyrýar. Beýlekiler diýer: gije başagaýlyk az bolýar, bu bolsa köpräk gazanç etmäge mümkinçilik berýär. Bu ýerde adamyň organizminiň gijeki ukusyzlygy kabul edýänligi hem möhümdir: käbirleri ýadawlygy duýýar, käbirleri bolsa, tersine, güýjüniň artýandygyny duýýar.

düýn 14:46
3.1k+

BSGG Afrikadaky Ebola keseli sebäpli halkara derejeli adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda we Ugandada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyny jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda halkara ähmiýetli adatdan daşary ýagdaý diýip......

16.05.2026 18:05
5.6k+

Allergolog: çybynyň çakmagyna eşigiň reňki-de sebäp bolup bilýär

Çybynlar özüne pida saýlanlarynda birnäçe biologik aýratynlyklara seredýärler. Bu mör-möjekleri adamlaryň gan topary, beden gyzgynlygy, çykarýan kömürturşy gazy we hatda geýen geýminiň reňki hem özüne çekip......

14.05.2026 16:32
1.8k+

Alymlar düwnüge garşy göreşde immun reaksiýasyny ýokarlandyrmagyň usulyny tapdylar

Hytaýly, ýewropaly we kanadaly halkara alymlar topary ýönekeý organiki birleşmäniň — sitrakon kislotasynyň — immun öýjükleriniň işjeňligini dikeldip we olaryň rak keseline garşy göreşijilik ukybyny......

13.05.2026 23:49
1.3k+

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....