Iň gymmat futbol düzümleriniň 10-lugy: «Siti» – birinji, «Ýuwentus» – dokuzynjy

  • 03.11.2019 10:25
  • 6.1k+

Transfermarkt 10 sany iň gymmat futbol sostawynyň sanawyny hödürledi.
Birinji ýeri “Mançester Sitiniň” eýelemegi geň däldir, sostawyň bahasy 1,28 mlrd ýewro.
“Şäherlilerden” häzirki wagtda iň gymmat oýunçy – Rahim Sterling (140 million), ol APL-iň häzirki möwsüminiň 9 oýnunda 7+1 gazandy. Ikinji – 130 million bilen Kewin de Brýuýne. Üçünji orny Sane bilen Silwa berýärler – 100 million bilen.
Ikinji we üçünji orny “Real” bilen “Barselona” paýlaşdy – ispan grandlarynyň arasyndaky tapawut 0,01 mlrd-a ýetdi.
“Realdan” iň gymmat oýunçy – Eden Azar, ony 150 million ýewro bilen bahalandyrdylar. Ikinji orunda – Waran we Winisius (ikisi hem – 70 million bilen). Üçünji orny Beýlden, Iskodan we Ýowiçdan başlap, 6 futbolist eýeledi.
“Barsanyň” birinji ornunda Lionel Messi ýerleşdi – argentina ýyldyzyny portal 150 million ýewro bilen bahalandyrdy. Ikinji – Grizman, ol 130 million bilen bahalandyryldy. Üçünji – Dembele 100 million bilen.
“Liwerpul” we “PSŽ” ilkinji bäşligi jemleýär.
“Gyzyllar” oýunçylary pes bahadan satyn alýarlar, ýöne Klopp olardan hakyky oýunçylary kemala getirýär. Çempionlar Ligasyndaky ýeňiş – doly subutnama. Komandada iň gymmat futbolist – Salah, onuň bahasy 150 million. Ýatlap geçsek, 2017-nji ýylda “Liwerpul” müsürli oýunça 42 million sarp edipdi. Ikinji – Sadio Mane 120 million bilen (2016-njy ýylda 41 milliona satyn alnypdy). Üçünji – wan Deýk 100 million bilen.
Parižli iň gymmat oýunçylar – Mbappe (200 million) we Neýmar (180 million).
Onuň yzyndan “Tottenhem”, “Bawariýa”, “Atletiko”, “Ýuwentus” we “Çelsi” gelýär.
Bu sanawda tomusda Grizman we Godin bilen hoşlaşan “Atletiko” has hem geň galdyrýar. Oblak we Felşi – “Atletikonyň” iň gymmat oýunçylary (ikisi-de – 100 million). Ikinji – Saul 90 million bilen. Üçünji orny Koke we Himenes paýlaşýar – 70 million bilen.
“Mançester Ýunaýted” 10-luga girmedi. APL-iň soňky trofeýasyndan bäri klub transferlere 968 million sarp etdi, Çempionlar Ligasynda soňky ýeňişden soň – 1,18 mlrd. Bu klubyň häzirki sostawyny 753 million ýewro bilen bahalandyrýarlar.
Şol wagtyň içinde “Mançester Ýunaýted” iki gezek transfer rekordyny goýdular: birinjiden 2016-njy ýylda Pogbany 105 million ýewro satyn almak bilen, tomusda bolsa Maguaýrany 93 million ýewro satyn aldylar.

düýn 19:09
6.4k+

“Men Garri Potter däl”: Erik ten Hag üç oýundan soň “Baýeriň” tälimçisi wezipesinden boşadyldy

Niderlandly Erik ten Hag Lewerkuzeniň “Baýeriniň” baş tälimçisi wezipesinden aýryldy. Klubuň baş müdiri Fernando Karro şeýle çözgüdiň agyr bolsa-da, zerur ädimdigini belledi diýip, klubuň metbugat gullugy habar berýär...

düýn 17:08
6.7k+

Messi 2021-nji ýyldan bäri ilkinji gezek finalda utuldy: “Inter Maýami” Ligalaryň kubogyny elden gidirdi

“Inter Maýaminiň” argentinaly hüjümçisi Lionel Messi soňky dört ýylda ilkinji gezek final oýnunda utuldy. Onuň kluby 1-nji sentýabrda Sietlde geçen Ligalaryň kubogynyň aýgytly oýnunda “Sietl Saundersden” 0:3 hasabynda utuldy...

düýn 14:26
1.9k+

Guramaçylar 2029-njy ýylyň gyşky Aziýa oýunlaryny Günorta Koreýa göçürmegi göz öňünde tutýarlar

Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi 2029-njy ýylda geçiriljek gyşky Aziýa oýunlaryny kabul etmek baradaky teklip bilen Günorta Koreýanyň Olimpiýa komitetine ýüz tutdy. Guramaçylar Saud Arabystanynyň ýaryşlaryň geçirmek meýilleşdirilen ýeri bolan Troýena (Trojena) lyža kurortyny wagtynda gurup ýetişdirip biljegine şübhelenýärler...

düýn 14:09
4.9k+

“Barselonanyň” akademiýasyna ilkinji gezek azerbaýjanly futbolçy goşuldy

“Barselonanyň” akademiýasy 17 ýaşly azerbaýjanly ýarymgoragçy Ibragim Babaýew bilen şertnama baglaşdy. Ol La Masiýada Azerbaýjanyň ilkinji wekili boldy. Katalon klubuna geçmezden ozal Babaýew Şweýsariýanyň “Serwett” klubunyň ýaşlar toparynda çykyş etdi...