Ertirlik nahary üçin peýdaly bolan önümler

  • 03.11.2019 09:19
  • 7.3k+

Dogry ertirlik – günüň dowamynda özüňi gowy duýmaklygyň we şähdiň açyk bolmagynyň kepili!
1.Süle ýarmasy – ertirlik üçin iň gowy tagam. Kletçatkalara baý bolmak bilen ol diňe bir garyn diwarlaryny goraman, eýsem, ganyň düzümindäki holesteriniň derejesini peseltmäge kömek edýär, süle ýarmasyndan bişirilen şüle iýmit siňdirişi gowulandyrýar we iýmit siňdiriş sistemasynyň işini kadalaşdyrýar.
2.Greçiha şülesi – ertirlik üçin ýene bir gowy tagam. Witaminlere, demire we beloklara baý bolmak bilen, ol organizmi peýdaly maddalar bilen üpjün edýär.
3.Mekgejöwen şülesi – ähli keselleriň dermany. Ol organizmden agyr metallaryň toksinlerini we duzlary çykarýar, içegäniň mikroflorasyny kada getirip, organizmi gowy doýurýar.
4.Ýumurtga hem organizmi doýurýar, hiç hili agyrlyk döretmeýär. Şonuň üçin dokluk birnäçe sagada gider.
5.Garpyz – islendik teşneligi gandyryjy suwuklygy köp mukdarda saklaýan miwe. Garpyzyň düzüminde saklanýan likopin göreje we ýürege oňaýly täsir edýär.
6.Çernika – işdäaçara ýa-da şülä goşulyp iýlen ýagdaýynda, ol gan basyşy kadalaşdyrýar, madda çalşygyny sazlaýar we kadalaşdyrýar, ýadyň kämilleşmegine getirýär.
7.Hoz – munuň düzümine girýän ýag iýmit-siňdiriş ýollaryna oňaýly täsir edýär. Şeýle-de hoz aşgazandaky turşulygyň derejesini peseldýär, ýazwa we gastritiň döremegine böwet bolup, organizmi beloklar we witaminler bilen üpjün edýär.
8.Ary baly – ir bilen bir çaý çemçesi ary balyny iýeniňizde, siz hem energiýaňyzyň artandygyny, hem tutuş günüň dowamynda şähdiňiziň açyklygyny duýarsyňyz. Mundan başga-da, ary baly oýanmaga we beýniniň işini we işjeňligini sazlamak we stabilleşdirmek arkaly organizmiň kadaly ýagdaýa gelmegine kömek edýär.

düýn 14:46
3.1k+

BSGG Afrikadaky Ebola keseli sebäpli halkara derejeli adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda we Ugandada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyny jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda halkara ähmiýetli adatdan daşary ýagdaý diýip......

16.05.2026 18:05
5.6k+

Allergolog: çybynyň çakmagyna eşigiň reňki-de sebäp bolup bilýär

Çybynlar özüne pida saýlanlarynda birnäçe biologik aýratynlyklara seredýärler. Bu mör-möjekleri adamlaryň gan topary, beden gyzgynlygy, çykarýan kömürturşy gazy we hatda geýen geýminiň reňki hem özüne çekip......

14.05.2026 16:32
1.8k+

Alymlar düwnüge garşy göreşde immun reaksiýasyny ýokarlandyrmagyň usulyny tapdylar

Hytaýly, ýewropaly we kanadaly halkara alymlar topary ýönekeý organiki birleşmäniň — sitrakon kislotasynyň — immun öýjükleriniň işjeňligini dikeldip we olaryň rak keseline garşy göreşijilik ukybyny......

13.05.2026 23:49
1.3k+

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....