Nurmagomedowyň menejeri Habibiň indiki göreşiniň haçan boljakdygyny belli etdi

  • 25.10.2019 09:54
  • 13k+

UFC-niñ çempiony Habib Nurmagomedowyň menejeri Rizwan Magomedow rus göreşijisiniň indiki göreşiniň haçan boljakdygy barada gürrüň etdi.
-Habibiň indiki göreşi mart-aprel aýlarynda göz öňünde tutulýar – Magomedow aýtdy.
Ozal Nurmagomedowyň garşydaşynyň Toni Fergýuson boljakdygy barada habar edilipdi. Muňa garamazdan, rus göreşijisiniň menejeri Ali Abdel-Aziz 31 ýaşly Habibiň indiki göreşde kanadaly Žorž Sen-Pýer bilen duşuşjakdygyny mälim etdi. UFC-niň ýolbaşçysy Dana Uaýt bu göreşi ýola goýmaga taýýardygyny aýtdy.
Şeýle-de Konor Makgregoryň Nurmagomedowdan ar almak isleýändigi bellenilip geçildi. Geçen ýylyň oktýabrynda UFC 242 ýaryşynda irland göreşijisi rus sportsmeninden utulypdy.
Ýatlap geçsek, 7-nji sentýabrda Nurmagomedow Abu-Dabide UFC 242-niň çäklerinde Porýeden üstün çykdy we çempionlyk titulyny gorady.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......