The Independent Messini XXI asyryň iň gowy oýunçysy diýip yglan etdi

  • 24.10.2019 08:57
  • 3.1k+

“Barselonanyň” we Argentinanyň ýygyndy komandasynyň hüjümçisi Messi britan neşiri bolan “The Independent” tarapyndan XXI asyryň iň gowy futbolçysy diýlip yglan edildi. Bu barada sportbox.ru saýty habar berýär. 
“Ýuwentusyň” portugal hüjümçisi Kriştianu Ronalda ikinji orny, üçünji orny bolsa “Barselonanyň” öňki ýarymgoragçysy Hawi eýeledi. 
Bulardan başga Top – 10-luga Ronaldinýo, Andres Inýesta, Ronaldo, Týerri Anri, Zinedin Zidan, Kaka we Fabio Kannawaro hem girdi.
Reýting oýunçynyň ukybyny we olaryň peýdalanylyşyny, futbolistiň derejesini, onuň konkurensiýa täsirini, şeýle-de futbolistleriň ýeten üstünliklerini nazara alan neşiriň on sany žurnalistleri tarapyndan düzüldi. 

düýn 16:49
2k+

Portugaliýanyň Gran-prisi 2027-nji ýylda «Formula-1-iň» senenamasyna gaýdyp geler

Portugaliýanyň Gran-prisi 2027-nji we 2028-nji ýyllarda «Formula-1» çempionatynyň senenamasyna gaýdyp geler. Degişli ikiýyllyk şertnama ýurduň hökümeti bilen baglaşyldy diýlip, patyşalyk ýaryşlarynyň resmi saýtynda habar berilýär...

düýn 15:54
6k+

«Subut eder ýaly zat galmady…»: Terens Krouford karýerasyny tamamlady

Ýeňilmedik amerikaly boksçy, bäş agram derejesinde dünýä çempiony Terens Krouford professional karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi. Türgen Bütindünýä boks assosiasiýasynyň (WBA), Bütindünýä boks guramasynyň (WBO), Halkara boks federasiýasynyň (IBF) we The Ring žurnalynyň titullarynyň eýesi bolmak bilen, 38 ýaşynda boksdan gidýär...

düýn 15:49
4.6k+

Iliýa Topuriýa şahsy meseleleri sebäpli UFC-niň titulyny goramakdan ýüz öwürdi

Ispan-gruzin söweşijisi, ýeňil agramda UFC-niň çempiony Iliýa Topuriýa maşgala meseleleri sebäpli tituly goramajakdygyny aýtdy. Bu barada ol sosial ulgamlarda ýerleşdirilen resmi habarda mälim etdi. Söweşijiniň aýtmagyna görä, onuň gelen netijesi şahsy howpsuzlygyna, maşgalasyna we abraýyna howp salýan ýagdaýlar bilen baglanyşykly...

düýn 12:33
1.7k+

Meraýýa Keri 2026-njy ýylyň Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyşynda çykyş eder

Amerikaly aýdymçy Meraýýa Keri 2026-njy ýylyň Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda çykyş eder diýip, Oýunlaryň guramaçylyk komiteti öz resmi sahypasynda yglan etdi. Çäre 6-njy fewralda Milandaky meşhur “San-Siro” stadionynda geçiriler...