Türkmen wekiliýeti Tokio – 2020-niň Guramaçylyk komiteti bilen duşuşar

  • 21.10.2019 16:37
  • 2.7k+

Türkmen wekiliýetiniň Ýaponiýa döwletine saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministri Ýaponiýanyň Milli Olimpiýa komitetiniň we Tokio – 2020-niň Guramaçylyk komitetiniň wekilleri bilen duşuşar. Bu barada Orient agentligi habar berýär.
Türkmenistanyň wekiliýeti saparyň barşynda eýýäm Olimpiýa şäherçesiniň gurluşygy bilen tanyş boldy.
— Ýaponlar bellenen tertipden öňde barýarlar. Bu depgini bilen olar köp sanly daşary ýurtly myhmanlary haýran galdyrýarlar – diýip ministr D.Gulgeldiýew belledi.
Tokio 2020 Olimpiýa oýunlarynyň başlanmagyna 77 gün galdy. Türkmen türgenleri ýeňil atletika, dzýudo, suwda ýüzmek, boks, erkin göreş we grek-rim göreşi, agyr atletika ýaly sportuň olimpiýa görnüşleri boýunça güýçli depginlerde taýýarlyk görýärler.
Mundan öň türkmen tarapy Ýamagata prefekturasynda ýerleşen Tendo welaýaty bilen Türkmenistanyň milli olimpiýa ýygyndysy üçin türgenleşik merkezini döretmek hakynda ylalaşyk baglaşypdy. Iýul aýynda türkmen dzýudoçylary we ýeňil atletikaçylary ýapon türgenleri bilen bilelikde ilkinji okuw-türgenleşiklerini geçdi. Bu bolsa olaryň Ýaponiýanyň howa şertlerine uýgunlaşmagyna, şeýle hem sport desgalary bilen tanyşmaklaryna ýardam etdi.

düýn 23:07
1.4k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
4.8k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......