Türkmenistanyň wekilleri Hytaý - Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşdy

  • 21.10.2019 05:51
  • 1.9k+

18-19-njy oktýabrda Hytaý Halk Respublikasynyň Guwansi-Çžuan awtonom etrabynyň ykdysady-dolandyryş we medeni merkezi bolan Nannin şäherinde Hytaý — Merkezi Aziýa hyzmatdaşlygynyň VII forumy geçdi.
Forum hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk hyzmatdaşlyk boýunça Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň hytaý komiteti, Guwansi-Çžuan awtonom etrabynyň daşary işler boýunça kanselýariýasy we bu etrabyň Halk hökümeti tarapyndan guraldy. Duşuşyk Türkmenistanyň, Hytaýyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Ermenistanyň we Günorta-Gündogar Aziýa (ASEAN) döwletleriniň assosiasiýasyndan gelen ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynyň wekillerini — döwlet düzümleriniň hem-de hususy ulgamyň ýolbaşçylaryny, halkara guramalarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini jemledi.
2012-nji ýylda döredilen Hytaý - Merkezi Aziýa hyzmatdaşlygynyň forumy sebitleriň arasynda özara düşünişmegi pugtalandyrmak we özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin netijeli çärä öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özara hyzmatdaşlygyň ösdurilmegine örän uly ähmiýet berýär. Onuň işiniň barşynda milli wekiliýetleriň ýolbaşçylary Hytaý Halk Respublikasynyň dürli ulgamlara, şol sanda maliýe-ykdysady hem-de ulag ulgamyna, gurluşyga we senagata ýolbaşçylyk edýän wekilleri bilen duşuşdylar.
Deňze çykalgasy bar bolan we bolmadyk sebitleriň özara baglanyşygyny gowulandyrmak boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, innowasiýalaryň hasabyna umumy ösüşi höweslendirmek Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekilleriniň hytaý kärdeşleri bilen ara alyp maslahatlaşan esasy meseleleri boldy. Mejlisiň çäklerinde serhetüsti logistika, elektron täjirçiligi, “akylly şäherleriň” bilelikdäki gurluşygy, dürli ulgamlarda iri taslamalary durmuşa geçirmekde zenanlaryň jebisleşmegi hem-de hyzmatdaşlygyň beýleki möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
«Hytaý - ASEAN» EKSPO-nyň sergi zalynda gatnaşyjy ýurtlaryň önümleriniň sergisi guraldy. Şonda Türkmenistan meşhur halylary, milli zergärçilik bezeglerini we amaly-haşam sungatynyň beýleki nusgalaryny hem-de çaphana neşirlerini görkezdi. Bu neşirleriň arasynda Gurbanguly Berdimuhamedowyň edebi işleri esasy orny eýeledi.
Tutuşlygyna alnanda, bu forumyň esasy wezipesi Hytaýyň we Merkezi Aziýa hem-de Kawkaz döwletleriniň arasynda hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça özara gatnaşyklara täze badalga bermekden, onuň täze görnüşlerini kesgitlemekden hem-de bilelikdäki mümkinçilikleri durmuşa geçirmekden, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ylalaşylan çemeleşmeleri we gurallary işläp taýýarlamakdan ybaratdyr.

düýn 18:54
3.1k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 18:11
4.3k+

The Telegraph: Angliýanyň banky banknotlardan Çerçilliň we Jeýn Ostiniň portretlerini aýrar

Angliýanyň banky 50 ýyldan gowrak wagtdan bäri ilkinji gezek banknotlaryň dizaýn konsepsiýasyny üýtgetmegi meýilleşdirýär. The Telegraph gazetiniň habar bermegine görä, Beýik Britaniýanyň ozalky......

düýn 17:39
1.5k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

düýn 15:17
3k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......