“Kristal Pelas” 1,5 ýylda 1 gol salan Benteke bilen şertnamasyny uzaltdy

  • 20.10.2019 00:45
  • 2k+

“Kristal Pelas” özüniň resmi saýtynda hüjümçi Kristian Benteke bilen baglanyşylan kontraktyň möhletiniň uzalandygy barada habar berdi.
Klubuň 28 ýaşly belgiýaly futbolçy bilen baglanyşan täze şertnamasy 2020/2021-möwsümiň gutarmagyna çenli niýetlenilen. 2016-njy ýylyň tomsunda “Liwerpuldan” geçeni bäri, hüjümçi 98 sany futbol ýaryşyna gatnaşyp, 21 sany gol salmagy başardy.
“Klub bilen ylalaşyk gazanyp bilendigim üçin, men örän bagtly. Täze möwsüme topar örän gowy başlady we biziň ýagşy niýetde bolmagymyza köp sebäplerimiz bar. Men ilkinji nobatda ýolbaşçylaryň, tälimçiniň we ajaýyp janköýerlerimiziň ynamyny ödemeklige ymtylýaryn” – Benteke mälim edýär.
Şeýle-de, “Kristal Pelas” goragçy Jeýms Tomkinsom bilen baglanyşylan kontraktyň hem möhletini uzaltdy. Londonlylaryň 30 ýaşly iňlis bilen täze ylalaşygy 2022-nji ýylyň tomsuna çenli niýetlenilen.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......