Türkmen harby türgenleri ilkinji gezek Bütindünýä harby oýunlaryna gatnaşýarlar

  • 19.10.2019 06:24
  • 4.2k+

18-nji oktýabrda Hytaý Halk Respublikasynyň Wuhan şäherinde VII Bütindünýä harby oýunlarynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu oýunlara Halkara harby sport Geňeşiniň (HHSG) resmi agzasy hökmünde ilkinji gezek Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň ýygyndy toparynyň agzalary hem gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Milli goşun» žurnaly habar berýär.
Bütindünýä harby tomusky oýunlary dünýäde Olimpiýa oýunlaryndan soň iň uly sport çäresi hasaplanylýar. «Uhan 2019-yň» çäklerinde sportuň 31 görnüşlerinden dürli ýaryşlar geçiriler. Oýunlara 100 ýurtdan 10 müňden gowrak harby türgen, tälimçi we beýleki wekiller gatnaşarlar. Harby türgenler jemi 329 altyn medaly eýelemek ugrunda göreşerler.
Her ýyl Halkara harby sport Geňeşiniň 20-den gowrak halkara ýaryşlary we dünýä çempionatlary «Sport arkaly dostluk» diýen şygaryň astynda geçirilýär. Olara 140 ýurtdan müňlerçe harby türgenler gatnaşýar. HHSG tarapyndan gurnalýan tomusky we gyşky Bütindünýä harby oýunlary Olimpiýa oýunlary ýaly dört ýyldan bir gezek geçirilýär.
2017-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Halkara harby sport Geňeşiniň karargähinde geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň bu Geňeşe resmi taýdan kabul edilmegi baradaky islegini beýan edýän resminama HHSG-niň Baş sekretary polkownik Dora Mambi Koita gowşuryldy. Resminamanyň kabul edilmegi mynasybetli HHSG-niň 2018-nji ýylyň 16-23-nji apreli aralygynda Dominikan Respublikasynyň Punta-Kana şäherinde geçirilen 73-nji Baş Assambleýasynda ýurdumyzyň Döwlet baýdagy galdyrylyp, Döwlet senasy ýaňlandyryldy. Şeýlelikde, mähriban Watanymyz Türkmenistan Halkara harby sport Geňeşiniň resmi agzasy boldy.
«Uhan 2019» oýunlarynyň çäklerinde sport ýaryşlary 35 desgada geçiriler. Bu ýaryşa 10 adamdan ybarat bolan topar ýurdumyzyň adyndan wekilçilik eder. Olaryň 4-si harby türgen bolup, sportuň erkin göreş we dzýudo görnüşlerinden öz başarnyklaryny görkezerler. Olar, dzýudo boýunça G.Begaliýew (90 kg agramda) we M.Gurbanow (73 kg agramda), erkin göreş boýunça bolsa S.Belliýew (125 kg agramda) we G.Hemraýew (65 kg agramda). Bularyň hemmesi Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Merkezi goşun» sport klubynyň iň öňdebaryjy türgenleri bolup, mundan ozal hem başga halkara ýaryşlarda ýokary netijeleri gazandylar.

düýn 23:07
1.2k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
1.7k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
4.6k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.4k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......