Kriştianu Ronaldu taryhda karýerasynda 700 gol salmagy başaran 6-njy oýunçy

  • 16.10.2019 06:06
  • 4.3k+

«Ýuwentusyň» we Portugaliýanyň ýygyndysynyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu Ýewro-2020-niň saýlama duşuşyklarynyň çäginde Ukraina bilen duşuşykda (1:2) futbol karýerasynda 700-nji goluny saldy. Bu barada sports.ru habar berýär. Şol oýunda portugaliýalylar duşuşygyň gutarmagyna birnäçe sekunt galanda pökginiň derwezä degip gaýdandygyna garamazdan, ýeňlişe sezewar boldular. Olar ýeňilseler-de, Ronaldunyň karýerasy barada käbir san maglumatlary dykgatyňyza ýetirýäris:
• 700 gol salmak üçin ol bary-ýogy 973 oýun aýnady. Her oýunda 0,72 goldan bolýar!
• Şolardan 450-si «Relyň», 118-i «Mançester Ýunaýtediň», 95-si ýygyndynyň, 32-si «Ýuwentusyň», 5-si «Sportingiň» düzüminde wagtynda salyndy.
• La ligada 311 gol, Çempionlar ligasynda – 127, APL-de – 84!
• Ronaldu ýygy-ýygydan «Sewilýa» (27), soňra «Atletiko» (25) we «Hetafe» (23) gol salýar. «Barselona» bäşinji ýerde (18).
• 444 pökgini sag aýagy bilen, 126 – çep, 128 – kelle bilen we ýene-de ikisi bedeniniň beýleki agzalary bilen geçirdi.
• Ilkinji goluny Ronaldu 17 ýyl mundan öň — 2002-nji ýylyň oktýabrynda «Sportinge» «Moreýrensäni» ýeňmäge ýardam edip salypdy.
• Ronaldu futbolyň taryhynda 700 gol geçirmegi başaran altynjy oýunçy boldy. Ondan öň bu sanawda Pele, Romaro, Ýozeg Bisan, Gerd Mýuller we Ferens Puşkaş bar.
• Ýene-de käbir täsin maglumatlar! 370 gol – ak eşikde, 177 – gyzyl, 40 – gara, 27 – ak-gara, 20 – gök, 13 – ýaşyl, 8 – çal, 5 – mämişi, 5 – gyrmyzy, 3 – ak ýaşyl, 2 – ak sary («Sportingiň» düzüminde Kriştianu çykyş edýän wagty myhmançylykdaky eşigi). 2 – gara-çal, 1 - gülgüne eşikdekä geçirildi.

düýn 16:49
1.6k+

Portugaliýanyň Gran-prisi 2027-nji ýylda «Formula-1-iň» senenamasyna gaýdyp geler

Portugaliýanyň Gran-prisi 2027-nji we 2028-nji ýyllarda «Formula-1» çempionatynyň senenamasyna gaýdyp geler. Degişli ikiýyllyk şertnama ýurduň hökümeti bilen baglaşyldy diýlip, patyşalyk ýaryşlarynyň resmi saýtynda habar berilýär...

düýn 15:54
6k+

«Subut eder ýaly zat galmady…»: Terens Krouford karýerasyny tamamlady

Ýeňilmedik amerikaly boksçy, bäş agram derejesinde dünýä çempiony Terens Krouford professional karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi. Türgen Bütindünýä boks assosiasiýasynyň (WBA), Bütindünýä boks guramasynyň (WBO), Halkara boks federasiýasynyň (IBF) we The Ring žurnalynyň titullarynyň eýesi bolmak bilen, 38 ýaşynda boksdan gidýär...

düýn 15:49
4.6k+

Iliýa Topuriýa şahsy meseleleri sebäpli UFC-niň titulyny goramakdan ýüz öwürdi

Ispan-gruzin söweşijisi, ýeňil agramda UFC-niň çempiony Iliýa Topuriýa maşgala meseleleri sebäpli tituly goramajakdygyny aýtdy. Bu barada ol sosial ulgamlarda ýerleşdirilen resmi habarda mälim etdi. Söweşijiniň aýtmagyna görä, onuň gelen netijesi şahsy howpsuzlygyna, maşgalasyna we abraýyna howp salýan ýagdaýlar bilen baglanyşykly...

düýn 12:33
1.6k+

Meraýýa Keri 2026-njy ýylyň Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyşynda çykyş eder

Amerikaly aýdymçy Meraýýa Keri 2026-njy ýylyň Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda çykyş eder diýip, Oýunlaryň guramaçylyk komiteti öz resmi sahypasynda yglan etdi. Çäre 6-njy fewralda Milandaky meşhur “San-Siro” stadionynda geçiriler...