Türkmenistanyň ýygyndysy DÇ – 2022-niň saýlama tapgyrynda Liwandan ýeňildi

  • 11.10.2019 20:18
  • 4.1k+

Türkmenistanyň futbol ýygyndysy şu gün Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama tapgyrynyň çäginde Beýrutda geçirilen duşuşykda Liwanyň ýygyndysyndan 1:2 hasabynda asgyn geldi. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň saýty habar berýär. 
Duşuşygyň birinji ýarymy türkmen janköýerleriniň garaşmadyk ýakymsyz täzeligi bilen başlady. Heniz 5-nji minutda liwanly futbolçy Hilal el-Helwe biziň ýygyndymyzyň garşysyna hasaby açdy. 63-nji minutda kapitan Arslanmyrat Amanowyň özüne geçiren pökgüsinden soňra Altymyrat Annadurdyýew hasaby deňlän hem bolsa, bu deňlik uzaga çekmedi. Bu goldan bary-ýogy bir minut soňra ildeşlerimiz derwezesinde ikinji pökgini hem gördüler. Bu gezek Liwanyň ýygyndysyndan Nader Matar tapawutlandy. Duşuşyk ýer eýeleriniň 2:1 hasabyndaky üstünligi bilen hem tamamlandy.
Üç duşuşykdan soňra 3 utuk toplan milli ýygyndymyz häzir toparçada üçünji orny eýeleýär. Iki duşuşykda utugyny 6-a çykaran Koreýa Respublikasy toparçanyň başyna geçdi. Ikinji orny günortalylar bilen deň oýun oýnap, deň utuk toplan demirgazyklylar ― KHDR-sy eýeleýär. Iki duşuşykda 3 utuk gazanan Liwanyň ýygyndysy dördünji, heniz utuk gazanyp bilmedik Şri-Lankanyň ýygyndysy bolsa bäşinji orunda. Dünýä çempionatynyň nobatdaky saýlama tapgyryna her toparçanyň ýeňijisiniň we ikinji orny eýelän dört toparyň (eger Kataryň ýygyndysy E toparçada birinji orny eýelese 5) çykjakdygyny ýatladýarys.
Türkmen futbolçylary Beýrutda 13-nji oktýabra çenli bolarlar. Şondan soň olar El-Kuweýt şäherine sary ýola düşerler. 15-nji oktýabrda Kuweýt ― Türkmenistan ýoldaşlyk duşuşygynyň boljakdygyny ýatladýarys. Dünýä çempionatynyň saýlama duşuşyklarynyň 4-nji tapgyryna gatnaşmaýan milli ýygyndymyz, 5-nji tapgyrda ― 14-nji noýabarda Aşgabatda KHDR-nyň ýygyndysyny kabul eder.

düýn 16:49
2.1k+

Portugaliýanyň Gran-prisi 2027-nji ýylda «Formula-1-iň» senenamasyna gaýdyp geler

Portugaliýanyň Gran-prisi 2027-nji we 2028-nji ýyllarda «Formula-1» çempionatynyň senenamasyna gaýdyp geler. Degişli ikiýyllyk şertnama ýurduň hökümeti bilen baglaşyldy diýlip, patyşalyk ýaryşlarynyň resmi saýtynda habar berilýär...

düýn 15:54
6.5k+

«Subut eder ýaly zat galmady…»: Terens Krouford karýerasyny tamamlady

Ýeňilmedik amerikaly boksçy, bäş agram derejesinde dünýä çempiony Terens Krouford professional karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi. Türgen Bütindünýä boks assosiasiýasynyň (WBA), Bütindünýä boks guramasynyň (WBO), Halkara boks federasiýasynyň (IBF) we The Ring žurnalynyň titullarynyň eýesi bolmak bilen, 38 ýaşynda boksdan gidýär...

düýn 15:49
5k+

Iliýa Topuriýa şahsy meseleleri sebäpli UFC-niň titulyny goramakdan ýüz öwürdi

Ispan-gruzin söweşijisi, ýeňil agramda UFC-niň çempiony Iliýa Topuriýa maşgala meseleleri sebäpli tituly goramajakdygyny aýtdy. Bu barada ol sosial ulgamlarda ýerleşdirilen resmi habarda mälim etdi. Söweşijiniň aýtmagyna görä, onuň gelen netijesi şahsy howpsuzlygyna, maşgalasyna we abraýyna howp salýan ýagdaýlar bilen baglanyşykly...

düýn 12:33
1.8k+

Meraýýa Keri 2026-njy ýylyň Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyşynda çykyş eder

Amerikaly aýdymçy Meraýýa Keri 2026-njy ýylyň Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda çykyş eder diýip, Oýunlaryň guramaçylyk komiteti öz resmi sahypasynda yglan etdi. Çäre 6-njy fewralda Milandaky meşhur “San-Siro” stadionynda geçiriler...