Beden terbiýesiniň döwlet toplumynyň taslamasy işlenip düzülýär

  • 10.10.2019 22:06
  • 2.2k+

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Usulyýet topary beden terbiýesiniň döwlet toplumynyň taslamasyny düzmäge girişdi. Bu barada www.msy.gov.tm saýty habar berýär.
«Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunyndan ugur alnyp taýýarlanylýan beden terbiýesiniň döwlet toplumynyň häzirki wagtda sudurynyň, nyşanynyň we düzgünnamasynyň taslamasy taýýar edildi.
Beden terbiýesiniň döwlet toplumynyň taslamasyny taýýarlanylanda basgançaklar boýunça raýatlaryň ýaş derejelerine laýyklykda, barlag talaplarynyň kadalarynyň ýerine ýetirilişini ýerlerde deslapdan barlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň garamagyndaky Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň çäginde ýerleşýän orta mekdeplerinde, başlangyç, orta we ýokary hünär bilimini berýän okuw jaýlarynda degişli işler geçirildi.
Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň jogapkär işgärleriniň gürrüň berşi ýaly, beden terbiýesiniň döwlet toplumynyň esasy maksady – türkmenistanlylaryň ahlak we ruhy taýdan häsiýetleriniň emele gelmegi, olaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi, uzak ýyllaryň dowamynda berk bedenli we sagdyn bolmagy, seýle hem önümçilikde işeňňir zähmet çekmekleri we geljekki türkmen ýigitlerini harby gulluga taýýarlamakdan ybarat bolup durýar.

düýn 23:07
1.4k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
4.8k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......