2020-nji ýylda Aşgabat Futzal boýunça Aziýa çempionaty kabul eder

  • 07.10.2019 10:36
  • 3.4k+

Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine Türkmenistanyň Futbol federasiýasy hem-de Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy bilen bilelikde 2020-nji ýylyň 24-nji fewraly—10-njy marty aralygynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherjiginiň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda we Sportuň oýun görnüşleriniň toplumynda Futzal boýunça Aziýa çempionatyny geçirmäge ygtyýar berildi. Karara laýyklykda bu çempionaty geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň Habar berşi ýaly, halklaryň arasynda dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy has-da pugtalandyrmak hem-de bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, ösüp gelýän ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek we döwletimiziň olimpiýa hereketini ösdürmek, ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has-da belende götermek, şeýle hem Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň türgenlerini ýokary derejede toplumlaýyn esasda taýýarlamak üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara gol çekdi.
Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine, Türkmenistanyň Futbol federasiýasy hem-de Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy bilen ylalaşyp, Futzal boýunça Aziýa çempionatyny geçirmek baradaky Düzgünnamany taýýarlamak we tassyklamak tabşyryldy.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......