14-nji dekabrda Döwletjan Ýagşymyradow Alekseý Butorin bilen duşuşar

  • 06.10.2019 23:39
  • 13k+

Moskwada ACA 95 ýaryşynyň öň ýanynda metbugat maslahaty geçirildi. Onuň barşynda ýarym agyr agramda indiki geçiriljek titul göreşi yglan edildi, diýip Turkmenportal «Советский спорт» rus neşirine salgylanyp habar berýär.
Bellenilişi ýaly, 2019-njy ýylyň 14-nji dekabrynda ACA 103 ýaryşynda liganyň çempiony Döwletjan Ýagşymyradow öz titulyny Alekseý Butorin bilen göreşde gorap çykyş eder.
«Ýyl 14-nji dekabrda Sankt-Peterburgda geçiriljek ýaryş bilen jemlener. Esasy göreşde Alekseý Butorin ýarym agyr agramda çempion Döwletjan Ýagşymyradowyň guşagyna dalaş eder» diýip ACA ligasynyň Prezidenti Alekseý Ýasenko beýan etdi.
Döwletjan Ýagşymyradow — ACA (Absolute Championship Akhmat) garyşyk göreş boýunça çempion bolmagy başaran Türkmenistanyň ilkinji wekili. Watandaşymyz bu çempionlygyny 2019-njy ýylyň 16-njy fewralynda Warşawada (Polşa) geçirilen ACA 92 ýaryşynda polşaly ýarym agyr agramda çykyş edýän Karol Selinskini tehniki nokaut arkaly ýeňip gazandy. Döwletjan Ýagşymyradow 5-nji maýda Moskwada geçirilen ACB 86 ýaryşynda titulyň öňki eýesi russiýaly Batraz Agnaýewi ýeňip, ACB (Absolute Championship Berkut) garyşyk göreş boýunça çempion bolmagy başardy.
Alekseý Butorin ýarym agyr derejä geçen ýylyň ahyrynda çykdy we şol wagtdan bäri üç gezek yzly-yzyna wagtyndan öňki ýeňişleri gazandy. Ilki bilen Butorin amerikaly Kori Hendriksi nokauta gidirdi, soňra ispaniýaly Daniel Toledony, ondan soň bolsa gazagystanly Ýewgeniý Ýegemberdiýewi ýeňmegi başardy. D.Ýagşymyradowyň geljekki garşydaşy Sankt-Peterburgda doglup, şol ýerde ulaldy. Ýetginjek wagty sportuň dürli görnüşleri bilen, söweşjeň görnüşlerinden — karate boýunça türgenleşdi we sary guşagyň eýesi boldy. Bu günki gün ol 33 ýaşynda bolup, 15-3-0 rekorda eýedir. Göreşleriniň ählisini wagtyndan öň tamamlady.

düýn 23:07
1.4k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
4.8k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......