Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň ikinji oýny barada käbir maglumatlar

  • 05.10.2019 11:37
  • 4.4k+

«Zenitiň» hüjümçisi Serdar Azmun Çempionlar ligasynda «Benfika» garşy duşuşykda toparynyň öňdeligini artdyrmagy başardy (3:0, ikini ýarymda). Hüjümçi duşuşygyň 78-nji minudyndan gol geçirdi. Bu onuň üçin Çempionlar ligasynyň şu gezekki möwsüminde ikinji pökgisidir. Geçen tapgyrda Azmun «Lionyň» derwezesinden gol geçirdi.
***
Çempionlar ligasynyň 2-nji tapgyrynda «Tottenhem» öz öýünde «Bawariýadan» uly hasapda ýeňildi (7:2). Londonlylar 7 pökgi geçirtdiler. Bu ýeňliş iňlis klublarynyň ýewrokuboklarda eden çykyşlarynda iň uly şowsuzlygydyr.
***
«Aýaks» myhmançylykda «Walensiýadan» üstün çykdy (3:0). Şeýlelikde, «Aýaks» ispan klublaryna garşy soňky iki duşuşygy umumy hasapda 7:1 hasabynda (2019-njy ýylyň martynda «Realy» 4:1 hasapda ýeňdi) ýeňdi. Şoňa çenli amsterdamlylar Çempionlar ligasynda 13 duşuşygyň 11-sini ýeňlipdiler.
***
«Çelsi» myhmançylykda «Lillden» üstün çykdy (2:1). Şeýlelikde «Çelsiniň» baş tälimçisi Frenk Lempard 2017-nji ýylyň martyndan bäri Çempionlar ligasynda ýeňşi gazanmagy başaran ilkinji iňli tälimçisidir.
***
Çempionlar ligasynda «Lill» bilen duşuşykda «Çelsiniň» ýarymgoragçysy Willian başlangyç düzümde oýna çykdy. Bu braziliýaly oýunçy üçin «Çelsiniň» düzüminde ähli ýaryşlarda 300-nji oýny boldy.
***
«Liwerpulyň» hüjümçisi Mohamed Salah «Red Bull Zalzburg» bilen duşuşykda 2 gol geçirdi (4:3, ikinji ýarym). Şeýlelikde, müsürli oýunçy «Liwerpul» üçin ähli ýaryşlar geçiren pökgileriniň sanyny 77-ä ýetirdi. 2017-nji ýylyň iýunyndan «Liwerpula» geçen döwründen bäri Top-5 ligada diňe «Barselonanyň» hüjümçisi Lionel Messi (96 gol) we «Bawariýanyň» hüjümçisi Robert Lewandowskiý (95 gol) Salahdan öňdedir.
***
«Liwerpul» «Red Bull Zalzburg» bilen duşuşykda öz öýünde derwezesinden 3 pökgi geçirtdi (4:3, ikinji ýarym). Soňky gezek «Liwerpul» «Enfild» stadionyndan Çempionlar ligasyndan baryp 2014-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda Madridiň «Realyndan» 3 gol geçirdipdi (3:0).
***
Çempionlar ligasynyň 2-nji tapgyrynda «Aýaksyň» ýarymgoragçysy Hakim Ziýeş «Walensiýa» garşy duşuşykda hasaby açdy (2:0, arakesme). Ol duşuşygyň 8-nji minudynda ýarymgoragçy Duşan Tadiçiň pasy bilen gol saldy. Şeýlelikde, Ziýeş «Aýaks» üçin geçiren soňky 10 golunyň 8-sini (şol sanda Çempionlar ligasyndan soňky 3 goluny) Tadiçiň paslary bilen saldy.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......