UEFA Çempionlar ligasynda hepdäniň simwoliki düzümini yglan etdi

  • 05.10.2019 06:38
  • 3.5k+

UEFA Çempionlar ligasynyň 2019/2020 möwsüminiň toparlaýyn tapgyrynyň ikinji oýnunyň siwmoliki düzümini yglan etdi. Bu barada sportbox.ru habar berýär.
Siwmoliki düzüme şu oýunçylar girizildi: Roman Býurki («Borussiýa» Dortmund), Aşraf Hakimi («Borussiýa» Dortmund), Jon Lukumi («Genk»), Tomas Menýe («PSŽ»), Serž Gnabri («Bawariýa»), Donni wan de Bek («Aýaks»), Dennis («Brýuge»), Mohamed Salah («Liwerpul»), Takumi Minamino («Zalsburg»), Robert Lewandowskiý («Bawariýa»), Roberto Firmino («Liwerpul»).
Çempionlar ligasynyň üçünji oýny 22-23-nji oktýabrda geçiriler.

şu gün 08:32
914

Oliweýra Braziliýada geçiriljek UFC ýaryşynda azerbaýjanly Fiziýew bilen söweşer

Ýeňil agramda UFC-niň öňki çempiony braziliýaly Çarlz Oliweýra bilen azerbaýjanly Rafael Fiziýewiň söweşi 11-nji oktýabrda Rio-de-Žaneýroda geçiriljek promouşeniň söweş agşamynyň esasy wakasy bolar. Bu barada UFC-niň X sosial ulgamyndaky resmi sahypasynda habar berildi...

düýn 17:03
7.6k+

France Football 2025-nji ýylyň “Altyn top” baýragyna dalaşgärleri yglan etdi

France Football fransuz žurnaly 2025-nji ýylyň “Altyn top” baýragyna dalaşgärleriň sanawyny hödürledi. Bu barada baýragyň X sosial ulgamyndaky sahypasynda habar berilýär. 2024/25 möwsüminiň iň gowy oýunçysy üçin baýraga 30 futbolçy dalaş edýär, olaryň arasynda dokuz oýunçy Fransiýanyň “Pari Sen-Žermen” klubundan...

düýn 15:09
1.8k+

US Open tennis taryhynda iň sahy ýaryş bolar: baýrak gaznasy - $90 mln

Tennis boýunça ABŞ-nyň Açyk çempionatynyň baýrak gaznasy 2025-nji ýylda 90 mln dollara ýeter – bu tennis ýaryşynyň taryhynda täze rekorddyr. Bu barada US Open-iň resmi saýtynda habar berilýär. Erkekleriň we zenanlaryň arasynda ýekelikdäki ýaryşlaryň ýeňijileri 5 mln dollar, finalçylar 3,6 mln dollar alar...

07.08.2025 16:27
16k+

Futbolçy Russiýanyň Kubogynyň oýnunda penaltiden üýtgeşik gol geçirdi

Russiýanyň Kubogy Fonbet-iň birinji raundynyň Krasnodar ülkesinden höwesjeň futbol kluby “PSK” bilen Maýkopdan “Družba” toparynyň arasyndaky oýnunda täsin ýagdaý bolup geçdi. “Sport Mail-iň” habar bermegine görä, oýnuň esasy wagty 1:1 hasabynda tamamlandy...