Golaýda Türkmenistana garşy oýnan futbolçy «Altyn topa» dalaşgäri ýeňillik bilen geçdi

  • 05.10.2019 06:24
  • 5.9k+

Koreýa Respublikasynyň 23 ýaşly goragçysy Hwan Hi Çhan ýakynda Dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynda Aşgabatda Türkmenistanyň ýygyndy toparyna garşy oýnapdy.
Hwan Hi Çhanyň salan goly bilen «Red Bulluň» «Liwerpulyň» yzyndan ýetmäge synanyşygy başlandy — Hwan jerime meýdançasynda topy kabul edip aldy, bir galtaşmada «Altyn topa» esasy dalaşgärleriň biri bolan Wirjil wan Deýki aldap geçdi we ýeňillik bilen derwezä pökgini gönükdirdi. Bu barada «www.sports.ru» habar berýär.
Wirjil wan Deýkden bir ýyldan gowrak wagtlap hiç bir oýunçy geçip bilmeýärdi! Has dogrusy 2018-nji ýylyň martyndan 2019-njy ýylyň awgustyna çenli ol golaýyndan hiç bir futbolçyny geçirmeýärdi. Futbolçy 65 oýunlap öz deňinden garşydaş toparynyň oýunçysyny geçirmän bildi. Elbetde, ýöne ýere dünýäniň iň gowy goragçysy we «Altyn topa» dalaşgär saýlanylmaýar. Wan Deýkiň 65 oýunlyk seriýasy awgustda Gabi Jezusyň tagallasy bilen bozuldy.
Geçen möwsümde ikinji Bundesligada oýnap ýören 23 ýaşly Hwan dünýäniň iň gowy goragçysyny ýeňillik bilen geçip, gol salmagy başarýar. Muňa futbol diýerler!

düýn 23:07
1.2k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
1.7k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
4.6k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.4k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......