Kriştianu Ronaldu nobatdaky rekordyny goýdy

  • 04.10.2019 06:07
  • 7.5k+

Çempionalar ligasynyň çäklerinde «Ýuwentus» öz öýünde «Baýer» toparyndan 3:0 hasabynda ýeňiş gazandy. Netijede turinlileriň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu ýene-de bir rekord goýmagy başardy.
Ol Çempionlar ligasynda 102-nji ýeňşini gazandy we bu görkeziji boýunça «Realyň» we «Portunyň» öňki derwezewany Iker Kasilýasdan (101 ýeňiş) öňe geçdi.
Reýtingde üçünji orny «Barselonanyň öňki oýunçysy Hawi (91), dördünji orny ýaryşda 80 ýeňiş bilen Ronaldunyň mümkin bolan bäsdeşi Messi eýeleýär.
Şeýle hem belläp geçsek, geçen ýaryşda Ronaldu gol salmagy başardy. Bu pökgi 34 ýaşly oýunçy üçin ýaryşda 127-nji goly boldy.
Bu görkeziji boýunça Ronaldunnyň iň ýakyn bäsdeşi Lionel Messi. 32 ýaşly argentinaly oýunçy Çempionlar ligasynda 112 gol geçirmegi başardy. Belläp geçsek, Ýewrokubok ýaryşlarynyň ählisinde Ronaldu jemi 130 pökgi, Messi bolsa 115 pökgi geçirmegi başardy.
Ýatlatsak, portugaliýaly oýunçy ýakynda ýene-de bir rekord goýdy. Ol Ýewropanyň çempionatlarynyň saýlama tapgyrlarynyň taryhynda 25 pökgi bilen iň gowy hüjümçi bolmagy başardy.

düýn 23:07
1.7k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.3k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.1k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......