Futbol oýnunyň düzgünlerine girizilen täze üýtgeşmeler

  • 02.10.2019 12:48
  • 11k+

Futbol assosiasiýalarynyň halkara geňeşi (IFAB) Şotlandiýanyň Aberdin şäherinde geçirilen 133-nji her ýylky duşuşygynda futbol oýnunyň düzgünlerine birnäçe üýtgeşmeleri girizdi. Şol üýtgeşmeler şu ýylyň 1-nji iýunyndan güýje girdi. Bu düzgünler barada IFAB-nyň kätibi Lukas Brad şeýle düşündiriş berýär.
1. Eliň gatlaşmagy bilen bagly düzgünler aýdyňlaşdyryldy. Indiden beýläk, eger-de oýunçy derwezä gol salan bolsa ýa-da gol salmak üçin mümkinçilik döreden bolsa, bilkastlaýyn däl ýagdaýda pökgä eliň galtaşmagy üçin jerime salnar.
— Mundan beýläk eli bilen gol salýan ýa-da pursat döredýän oýunçylara nähili jerime salnar?
— Ýagdaýa baglylykda. Eminiň ilkinji nobatdaky wezipesi — eliň galtaşmagynyň bilkastlaýyn bolandygy ýa-da däldigini anyklamakdyr. Diňe şondan soňra bu ýagdaý jerime astyna alnar. Eger-de düýpli zat bolmadyk bolsa, onda sary duýduryş zerur däl.
Eger-de futbolçynyň bilkastlaýyn däl ýagdaýda eli bilen gol salandygy mese-mälim bildirip duran bolsa, onda goly hasap etmezlik ýeterlikdir. Eger-de bilkastlaýyndygy ýüze çykarylsa, onda sary duýduryş bermek üçin esas dörär. Bize gerek zat — adalatly çözgüt.
2. Oýnuň dowamynda çalşyrylýan oýunçy ätiýaçda oturanlaryň ýanyna tutuş meýdançany geçip däl-de, golaý bolan aut çyzygyndan daşyna çykmaly.
— Belki-de, bu düzgün futbol dünýäsinde düşünişmezligi döredip biler. Çünki janköýerleriň oýunçy bilen hoşlaşmagy däp hem hormatdan nyşandyr. Eýsem, emin oýunça öňküler ýaly tutuş meýdançany geçip çykmaga rugsat edip bilermi?
— Bu düzgüniň esasy maksady oýun wagtyny tygşytlamak maksady bilen oýunçy çalşygyny tiz geçirmek. Emin oýunçynyň ýörite wagt egleýändigini ýa-da däldigini anyklamaly. Eger-de hasap 4:0 bolsa we oýunçy janköýerlere goldawy üçin sagbolsun aýdyp, örän haýal ýöräp barýan bolsa, onda eminiň oňa sary duýduryş bermeginiň zerurlygy ýok.
Bilkastlaýyn wagtyň çekilmegi duýduryş bilen jerime salnar. Käbir oýunçy çalşyrylmaly adatça wagt çekmek maksady bilen amala aşyrylýar. Eger-de oýunçy tutuş meýdançany hem tiz wagtda geçip daşyna çykýan bolsa, onda ony golaýdaky aut çyzygyndan daşyna çykarjak bolmagyň hem zerurlygy ýok.
3. Sporta laýyk hereket etmändigi üçin toparlaryň wekillerine sary we gyzyl duýduryş bermegiň düzgünleri anyklaşdyryldy.
— Sporta laýyk däl hereket diýlende näme göz öňüne tutulýar?
— Sporta laýyk däl hereket — bu sagdyn hem erkin oýna çapraz gelýän, asla oýnuň çäginden daşyndaky hereketler. Oňa degişli — emini, oýunçylary, janköýerleri äsgermezlik we ş.m. Fair play düzgünlerini bozmak. Haçan-da emin oýunçynyň özüni alyp barşynda sporta laýyk däl hereket görse, ol oňa jerime salmaga doly haklydyr.
4. Pökgi derwezeden oýna girizilende ol jerime meýdançasyndan hökmany ýagdaýda daşyna çykýança garşydaş toparyň oýunçysynyň oňa galtaşmagyny gadagan edýän düzgün ýatyryldy.
5. Hüjüm edýän toparyň oýunçylarynyň gorag diwara durmagy bilen bagly düzgünlere üýtgeşmeler girizildi. Indiden beýläk, olara garşydaşyň gorag diwaryna goşulmak gadagan edildi. Hüjüm edýän toparyň oýunçylaryň jerime urgusynda gorag diwaryndan azyndan bir metr daşlykda durmaly.

— Näme üçin hüjüm edýän oýunçylara jerime urgusy ýerine ýetirilende öz oýunçylarynyň gorag diwarynda durmagy gadagan edildi?
— Bu çözgüdi kabul etmezden öň, biz onuň zerurlygyny anyklamak üçin eminleriň we oýunçylaryň özleri bilen gürrüňdeşlik geçdik. Netijede urgynyň ýerine ýetiriliş tehnikasy nukdaýnazardan, taktiki ýa-da sport artykmaçlygy nukdaýnazardan öz oýunçylaryň garşydaşyň gorag diwarynda durmagynyň zerurlygynyň ýokdugy ýüze çykaryldy.  
6. 11 metrlik jerime urgusy ýerine ýetirilende derwezewanlara diňe bir aýagynyň derweze liniýasyna galtaşyp durmagyna rugsat edildi.
7. Käbir ýagdaýlarda pökginiň emine degen pursatlarynda «jedelli pökgi» belleniler.

— Pökgi emine degen anyk haýsy ýagdaýlarynda «jedelli» urgy belleniler?
— Eger-de emine degen pökgi oýnuň barşyny üýtgeden bolsa, oýun dowam edip bilmez. Mysal üçin, bir oýunçy hüjüm edýär, beýlekisi goranýar, emin bolsa olaryň arasynda ýerleşýär. Eger-de pökgi emine degip soňra hüjümçiniň aýagyna düşýän bolsa, onda jedelli pökgi yglan edilmeli. Aýratyn hem gol salnan ýagdaýynda şeýle edilmeli.

düýn 19:09
6.4k+

“Men Garri Potter däl”: Erik ten Hag üç oýundan soň “Baýeriň” tälimçisi wezipesinden boşadyldy

Niderlandly Erik ten Hag Lewerkuzeniň “Baýeriniň” baş tälimçisi wezipesinden aýryldy. Klubuň baş müdiri Fernando Karro şeýle çözgüdiň agyr bolsa-da, zerur ädimdigini belledi diýip, klubuň metbugat gullugy habar berýär...

düýn 17:08
6.7k+

Messi 2021-nji ýyldan bäri ilkinji gezek finalda utuldy: “Inter Maýami” Ligalaryň kubogyny elden gidirdi

“Inter Maýaminiň” argentinaly hüjümçisi Lionel Messi soňky dört ýylda ilkinji gezek final oýnunda utuldy. Onuň kluby 1-nji sentýabrda Sietlde geçen Ligalaryň kubogynyň aýgytly oýnunda “Sietl Saundersden” 0:3 hasabynda utuldy...

düýn 14:26
1.9k+

Guramaçylar 2029-njy ýylyň gyşky Aziýa oýunlaryny Günorta Koreýa göçürmegi göz öňünde tutýarlar

Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi 2029-njy ýylda geçiriljek gyşky Aziýa oýunlaryny kabul etmek baradaky teklip bilen Günorta Koreýanyň Olimpiýa komitetine ýüz tutdy. Guramaçylar Saud Arabystanynyň ýaryşlaryň geçirmek meýilleşdirilen ýeri bolan Troýena (Trojena) lyža kurortyny wagtynda gurup ýetişdirip biljegine şübhelenýärler...

düýn 14:09
4.9k+

“Barselonanyň” akademiýasyna ilkinji gezek azerbaýjanly futbolçy goşuldy

“Barselonanyň” akademiýasy 17 ýaşly azerbaýjanly ýarymgoragçy Ibragim Babaýew bilen şertnama baglaşdy. Ol La Masiýada Azerbaýjanyň ilkinji wekili boldy. Katalon klubuna geçmezden ozal Babaýew Şweýsariýanyň “Serwett” klubunyň ýaşlar toparynda çykyş etdi...