Gwineýa-Bisauly türgen ýaryşda bäsdeşine finişe ýetmäge ýardam etdi

  • 30.09.2019 05:50
  • 3.5k+

Gwineýa-Bisauly türhen Braima Sunkar Dabo Arubadan gelen ýeňil atletikaçy Jonatan Basbä Dohada geççirilýän dünýä çempionatynda 5000 metrlik ylgawda finişe ýetmäge kömek etdi, diýip Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň resmi saýty www.sports.ru salgylanyp habar berýär.
Basbi kwalifikasiýa ylgawynda finiş çyzygynyň golaýynda dymyk howadan ýaňa özüni ýaramaz duýdy. Dabo bolsa onuň golundan tutup, finiş çyzygyna ýetmäge ýardam etdi.
Münberdäki janköýerler türgenleri şowhunly el çarpyşma bilen garşy aldylar.
Ylgawda Efiopiýa döwletiniň wekili Selemon Barega ýeňiş gazanmagy başardy (13.24,69).

düýn 16:49
2k+

Portugaliýanyň Gran-prisi 2027-nji ýylda «Formula-1-iň» senenamasyna gaýdyp geler

Portugaliýanyň Gran-prisi 2027-nji we 2028-nji ýyllarda «Formula-1» çempionatynyň senenamasyna gaýdyp geler. Degişli ikiýyllyk şertnama ýurduň hökümeti bilen baglaşyldy diýlip, patyşalyk ýaryşlarynyň resmi saýtynda habar berilýär...

düýn 15:54
6k+

«Subut eder ýaly zat galmady…»: Terens Krouford karýerasyny tamamlady

Ýeňilmedik amerikaly boksçy, bäş agram derejesinde dünýä çempiony Terens Krouford professional karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi. Türgen Bütindünýä boks assosiasiýasynyň (WBA), Bütindünýä boks guramasynyň (WBO), Halkara boks federasiýasynyň (IBF) we The Ring žurnalynyň titullarynyň eýesi bolmak bilen, 38 ýaşynda boksdan gidýär...

düýn 15:49
4.6k+

Iliýa Topuriýa şahsy meseleleri sebäpli UFC-niň titulyny goramakdan ýüz öwürdi

Ispan-gruzin söweşijisi, ýeňil agramda UFC-niň çempiony Iliýa Topuriýa maşgala meseleleri sebäpli tituly goramajakdygyny aýtdy. Bu barada ol sosial ulgamlarda ýerleşdirilen resmi habarda mälim etdi. Söweşijiniň aýtmagyna görä, onuň gelen netijesi şahsy howpsuzlygyna, maşgalasyna we abraýyna howp salýan ýagdaýlar bilen baglanyşykly...

düýn 12:33
1.7k+

Meraýýa Keri 2026-njy ýylyň Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyşynda çykyş eder

Amerikaly aýdymçy Meraýýa Keri 2026-njy ýylyň Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda çykyş eder diýip, Oýunlaryň guramaçylyk komiteti öz resmi sahypasynda yglan etdi. Çäre 6-njy fewralda Milandaky meşhur “San-Siro” stadionynda geçiriler...