Aşgabatda kibersport boýunça «WESG Turkmenistan» ýaryşy badalga aldy

  • 26.09.2019 21:49
  • 5.1k+

25-nji sentýabrda Aşgabatda 2019/2020 möwsümi üçin «WESG Turkmenistan» ýaryşy başlandy. Bu barada Orient habar berýär. Bu ýaryşda kiber türgenler «Dota 2» boýunça bäsleşerler. «Dota 2» Valve Corporation tarapyndan işlenip düzülen multiplayer online battle arena äheňindäki oýundyr. Bu ýerde aýratyn görnüşdäki kartadaky çaknyşygy ýeňmeli. Her ýaryşa her birinde bäş oýunçy bolan iki topar gatnaşýar. Olar dürli başarnygy bolan «gahrymanlary» hereket etdirýärler.
Ýaryşa 74 oýunçy gatnaşýar. Olaryň biri Gazagystandan bolup, ol «Galkynyş» toparynda çykyş edýär.
Türkmenistanyň kibersport federasiýasy (TMeSF) bu ýaryşy ilkinji gezek geçirmese-de, häzir ol az-owlak üýtgedi. Geçen ýyllaryň ýeňijileri bolan «Galkynyş» we «Nusaý» toparlary birnäçe täze toparlara bölünmek kararyna geldiler. Bu bolsa ýaryşyň has hem özüne çekiji bolmagyna ýardam eder.
Bu günki gün bolsa, «Hüjümdäki leňňeçler» «Gravity» toparyna garşy göreşýärler.
11 sany topar final tapgyra gatnaşmak ugrunda bäsleşerler we Gazagystana gitmäge mümkinçilik alarlar.
Final ýaryşy 15-nji oktýabrda geçiriler. Oýunlaryň göni alnyp görkezilişine twitch-ýaýlymynda we kibersport federasiýasynyň saýtynda tomaşa edip bolar.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......