Lionel Messi FIFA boýunça ýylyň iň gowy oýunçysy boldy

  • 25.09.2019 09:53
  • 4.9k+

«Barselonanyň» we Argentinanyň ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messi FIFA-nyň wersiýasy boýunça ýylyň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi, diýlip guramanyň resmi saýty habar berýär. Baýrak gowşurmak dabarasy Milanda (Italiýada) geçirildi.
Argentinaly Lionel Messiden başga-da, bu baýraga «Ýuwentusyň» portugaliýaly hüjümçisi Kriştianu Ronaldu we «Liwerpulyň» gollandiýaly goragçysy Wirjil wan Deýk dalaş etdi. Bu baýrak argentinaly futbolçy üçin karýerasynda altyn baýrak boldy. Messi «Barselona» bilen Ispaniýanyň çempionatynda ýeňiş gazandy, şeýle hem UEFA-nyň Çempionlar ligasynda çärýek final tapgyryna bardy. 
Ýylyň iň gowy zenan futbolçysy hökmünde ABŞ-nyň ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Megan Rapino saýlandy. Milli ýygyndynyň düzüminde amerikaly futbolçy zenan 2019-njy ýylyň Dünýä çempionatynda final duşuşygynda Niderlandlaryň ýygyndysyny 2:0 hasabynda ýeňip, çempionatyň ýeňijisi boldy. Mundan başga-da, ol 6 pökgi bilen ýaryşyň iň gowy hüjümçisi, şeýle hem iň gowy oýunçysy hökmünde ykrar edildi. 
«FIFA boýunça ýylyň oýunçysy» — baýragy 1991-nji ýyldan bäri gowşurylyp gelinýän futbol baýragydyr. Ilkibaşda ol diňe iň gowy erkek futbolça gowşurylýardy, 2001-nji ýyldan başlap, «iň gowy zenan futbolçy» baýragy hem döredildi.
Iň gowy tälimçi hökmünde «Liwerpulyň» baş tälimçisi Ýurgen Klopp we ABŞ-nyň zenanlar futbol ýygyndysynyň tälimçisi Jill Ellis saýlandy. «Liwerpul» 2018/2019 möwsümde UEFA-nyň Çempionalar ligasynyň ýeňijisi, ABŞ-nyň zenanlar ýygyndysy bolsa, futbol boýunça dünýä çempiony boldular.
Wengriýanyň «Debresen» toparynyň ýarymgoragçysy Daniel Žori FIFA boýunça ýylyň iň gowy goluny geçirendigi üçin Puşkaşyň baýragyna mynasyp boldy. Žori bu goly 2019-njy ýylyň  16-njy fewralynda «Ferenswaroşyň» derwezesine jerime çyzgysynyň öň ýanyndan geçiripdi.
FIFA-nyň feýr-pelý üçin ýörute baýragyna «Lids-iň» baş tälimçisi Marselo Ýçelsa we onuň oýunçylary mynasyp boldy.
FIFA Professional futbolçylaryň assosiasiýasynyň halkara federasiýasy (FIFPro) bilen bilelikde 2019-njy ýylyň jemleri boýunça ýylyň simwoliki düzümini kesgitlediler.
2019-njy ýylyň jemleri boýunça ýylyň simwoliki düzümi: derwezeban Alison Beker («Liwerpul»); goragçylar: Wirjil wan Deýk («Liwerpul»), Mateýs de Ligt («Ýuwentus»), Marselo, Serhio Ramos (ikisi hem — «Real»), ýarymgoragçylar: Eden Azar, Luka Modriç (ikisi hem — «Real»), Frenki de Ýong («Barselona»); hüjümçiler: Kilian Mbappe («PSŽ»), Lionel Messi («Barselona»), Kriştianu Ronaldu («Ýuwentus»).

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......